Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe Bosniýa-Gesegowina kömek elini uzadýar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Bosniýa-Gersegowinadaky sil betbagtçylygy hakynda sosial mediadan habarnama berendigini ýazýar. Erdogan: “Tebigy betbagtçylyklary we adatdan daşary ýagdaýlary dolandyryş edaramyz, Gyl ýarymaý jemgyýetimiz we Türk iş hyzmatdaşlygy we utgaşdyryjy agentligimiz ýurdumyzyň hemaýatkär hem-de mähriban elini bosniýaly doganlarymyza uzadýar” diýip, ýazdy.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Fidan Liwanyň Premýer-ministri Mikati bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Liwanyň Premýer-ministri Nejip Mikati bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar. Ministr Fidan Liwana zerur bolan ynsanpwer kömekleri boýunça Türkiýäniň goldawa taýýardygyny beýan etdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Üsküdarda müňlerçe adam genoside garşy ýöredi” söz başyly habarynda, Palestina goldaw platformasynyň çäginde jemlenşen jemgyýetçilik guramalarynyň Gazada bir ýyldan bäri dowam edýan hüjümlere we gyrgçylyklara garşy Stambulyň Üsküdar Sahil meýdançasynda miting geçirendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Müňlerçe demonstrantyň gatnaşan mitinginde ganhorlaryň günbatardan alýan harby we syýasy goldaw bilen Liwany oda berendigi nygtaldy.

“Sabah” gazeti “Dünýä Palestina üçin ýöredi” söz başyly habarynda, Ysraýylyň Gazada bir ýyldan bäri dowam etdirýän genosidine garşy ABŞ-da, Kanadada, Awstraliýada, Günorta Afrikada, Wenesuelada, Çilide we ýene-de ençeme ýurtda demonstrantlar Palestina goldaw üçin ýöriş geçirendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Selçuk Baýraktar: TEKNOFEST-i ýene-de bir ädim öňe alyp gideris” söz başyly habarynda, TEKNOFEST-iň Dolandyryjylar geňşiniň we “T3” gaznasynyň ýolbaşçysy Selçuk Baýraktaryň TEKNOFEST Adananyň ýapylyş dabarasynda çykyş edendigini ýazýar. Baýraktar: “Geçiriljek TEKNOFEST-ler bilen hem ýurdumyzyň hem-de dost we doganlyk ýurtlaryň ýaşlary bilen täze üstünlikler gazanarys” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Dünýäniň Çar Tarapynda Palestina Goldaw Ýörişi Geçirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
TRT-niň Dokumental Filmi Uly Baýraga Laýyk Görüldi
Hakan Fidan Ahmed Abu Gaýt bilen duşuşyk geçirdi