Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: "Ysraýyl TRT Habar kanalyna päsgelçilik döretdi" söz başyly habarynda, Ysraýylda Eýranyň raketalar bilen guran hüjüminde ýetilen zyýanyň wideosyny alan TRT Habar kanalynyň toparyna päsgelçilik döredilendigini habar berýär. Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, päsgelçilige nägilelik bildirip: "Ganhor Ysraýyl näme etse etsin, Gazada we Liwanda aragatnaşyk koridoryny açyk tutjak metbugat işgärleri hemişe bolar" diýip nygtady.

Watan gazedi: : "Liwanda türk gämileriniň howpsuzlygy iň ýokary derejä ýetirildi" söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglunyň, Liwanyň portlarynda we suw giňişliginde bolan Türkiyäniň baýdagyny göterýän gämileriň Halkara gämi we deňiz menzilleri howpsuzlyk kodunyň derejesiniň iň ýokary çäk bolan 3 derejä ýetirilendigini habar berdi.

Sabah gazedi: "Baýraktar TB3 ýaragly uçarmansyz howa ulagy halka açyk ilkinji uçuşuny amala aşyrdy" söz başyly habarynda, TEKNOFEST festiwalynyň 128 guramadyr-edaranyň gatnaşmagynda Adana howa menzilinde başlandygyny mälim edýär. Baýkar kärhanasy tarapyndan özgerdilen Baýraktar TB3 ýaragly uçarmansyz howa ulagy halka açyk ilkinji uçuşuny TEKNOFEST Adanada amala aşyrdy.

Hürriýet gazedi: "Oruç Reis gämisi Somala gider" söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň, MTA Oruç Reis seýsmiki derňew gämisiniň şenbe güni Somala ugradyljakdygyny aýdandygyny aýan edýär.

Ýeni Şafak gazedi: "TOGG Balkanlara açylýar" söz başyly habarynda, Bosniýa-Gersegowinada öz işine başlan Balkan sebitiniň iň möhüm söwda sergileriniň biri bolan ZEPS sergisine Türkiyäniň aralarynda TOGG hem bolan 35 firma bilen gatnaşýandygyny beýan edýär. Türk markalar sergide täze önümlerini Balkan we Ýewropa ýurtlary bilen tanyşdyrar.

Ýene degişli makalalar

TRT-niň Dokumental Filmi Uly Baýraga Laýyk Görüldi
“Gazada Hüjümler Gyssagly Bes Edilmeli”
“Next by TRT World Forum 2024” Başlaýar
Fahrettin Altun TRT-ny gutlady
ABU TRT-nyň ýer eýeçilik etmeginde Stambulda geçiriler
TRT-niň Täsiri Gün Saýyn Artýar