Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “ “ANKA III” sebitdäki deňagramlygy üýtgeder! Gresiýa ýakyndan gyzyklanýar” söz başyly habarynda, ilkinji atyş synagyny üstünlik bilen geçen “ANKA III” uçarynyň Gresiýanyň üns merkezine öwrülendigini ýazýar. Grek mediasy delta ganat gurluşy bilen ünsleri çekýän “ANKA III” uçaryny “Sebitdäki kategoriýasynyň iň döwrebap ulgamlaryndan biri” diýip häsýetlendirdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “T10f görenleri haýran etdi: Ministr Kajyr wideo ýazgylaryny paýlaşdy” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyryň geljek ýyl ulanmaga beriljek ýerli awtoulag “TOGG-yň” täze modeli T10F-niň sürüş synagyna gatnaşandygyny mälim edýär.

Kajyr sosial media hasabyndan beren habarnamasynda T10F-niň sportiw dizaýny we bar bolan SUW modelinden 80 kilometrlik artykmaç ýol aralygy bilen ünsleri çekýändigini beýan etdi.

“Haber Türk” gazeti “Ýerli we milli otly barlag ulgamy getiriler” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglynyň dolulygyna türk inženerleri tarapyndan dizaýn edilen Awtomatiki otly gözegçilik beketlerini ýylyň ahyryna çenli ulanmaga bermegi meýilleşdirýändiklerini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Prezidentiň orunbasary Ýylmazyň inflýasiýa hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmazyň inflýasiýa çaklamasy hakynda “Ýylyň ahyrynda 41,5 göterime barabar bolmagyna garaşýarys. Geljek ýylyň şu aýlarynda 20-30 göterim aralygynda, geljek ýylyň ahyrynda bolsa 20 göterimden aşakda bolar, diýip çaklaýarys” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Türk lukmanlar Ugandada şypa paýlady” söz başyly habarynda, Türkiýeden Uganda giden 18 adamdan ybarat sagly toparynyň Türk İş hyzmatdaşlygy we utgaşdyryjy agentligi (TİKA) bilen Afrikanyň dostlary jemgyýetiniň guramagynda saglyk üpjünçiligine elýetersiz bolan Žinža şäherinde ýüzlerçe adama 11 günüň dowamynda meýletin saglyk hyzmatyny berendigini ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Resmiler "15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" mynasybetli ýüzlenme çap etdiler
Resmiler "15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" mynasybetli ýüzlenme çap etdiler
Kongo Demokratik Respublikasynda başbozarlaryň guran hüjüminde 14 adam ýogaldy
Dünýä ýurtlary Türkiyä ynsanperwer kömek ugratmaga dowam edýär
Ýer Titremesinden Soň Duýgudaşlyk Ýüzlenmeleri Gelmäge Dowam Edýär
Uganda nebit gazyp almaga başlady