Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan: BMG öz funksiýasyny ýitirdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ABŞ-na guran saparynyň dowamynda Türk öýünde žurnalistleriň soraglaryna jogap berendigini ýazýar. Eýraýylyň gyrgynçylygyna berk reaksiýa görkezen Erdogan, BMG-niň funksiýasyny ýitirendigini, güýçliniň mamla bolýan ulgamyna sakçylyk edýän gurama öwrülendigini aýtdy.

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Ýokary tehnologiýalara merkez bolmagy maksat edinýäris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdogan “Milli tehnologiýa göçümi” bilen ösen tehnologiýalary öz mümçilikleri hem-de ukyplary bilen öndürjek sepgide ýetendiklerini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Erdogan ösen tehnologiýalaryň merkezine öwrülmegi maksat edinýändiklerini aýtdy.

“Star” gazeti “Türkiýe Gresiýanyň düzgün bozmalaryna reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň soňky günlerde Gresiýa tarapyndan Egeý deňizinde suw giňişliginde edilen düzgün bozmalar boýunça Gresiýanyň degişli edaralaryna ýetirendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Merkezi bankyň gorlarynda rekord” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Merkezi bankynyň gorlarynyň 20-nji senýabr hepdesinde öňki hepde bilen deňeşdirilende 2,8 milliard dollara barabar artyp, 156,4 milliard dollara golaýlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Şeýlelikde ol ähli döwürleriň iň ýokary çägi boldy.

“Ýeni Şafak” gazeti “Dünýä meşhur ykdysadtçy: Türkiýe rekord goýar” söz başyly habarynda, dünýä meşhur ykdysat professory Stiw Hankyň; “Türkiýede adam başyna düşýän içerki girdeji 2023-nji ýylda ähli döwürleriň iň ýokary derejesi bolan 14,630 dollara ýetdi we 2026-njy ýylda 16,520 dollara ýetmegine garaşylýar” diýen sözlerini çap edýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatnyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny