“Watan” gazeti “Erdogan “NBC Nýusa” beýanat berdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň “NBC Nýus” teleýaýlymyna beren interwýusynda Ukrainanyň NATO agzalygy hakynda soraga jogap berendigini ýazýar. “Agzalyk hakyndaky kararyň tolgunma bilen kabul edilip bilinmejekdigini” nygtan Erdogan; “Häzirki wagtda NATO-nuň agzalarynyň pozisiýasy, meniň üçin üçin, beýleki ýurtlar üçin nähili, şolara görä öz kararymyzy bereris.
ABŞ Ukrainanyň NATO agza bolmagyny islemeýar” diýdi.
“Sabah” gazeti “Baýdene Aýşenur Ezgi Eýgi boýunça çagyryş” söz başyly habarynda, Palestina meselesine goldaw beren türk aktiwisti Aýşenur Ezgi Eýginin Ysraýyl esgerleri tarapyndan şehit edilendigini ýatladýar.Bütin dünýä Ysraýyl esgerleriniň wagşylygyna göz ýuman bolsa, Aýşenur Ezgi Eýgi ýurdunda watan topragynda jaýlandy.
ABŞ Kongresiň 103 agzasy Prezident Jo Baýdene çagyryş edip; “Aýşenur Ezgi Eýgi bilen bagly derňew işini başlat” diýip, çagyryş berdiler.
“Hürriýet” gazeti “Kyzylemanyň üçünji prototipinin ilkinji uçuşy üstünlikli” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinji uçarmansyz harby uçary “Baýraktar Kyzylelmanyň” önümçilik prototipinin ilkijin uçuş synagynyň üstünlik bilen geçirilendigini ýazýar. “KYZYLELMA PT-3-iň” ilkinji uçuş synagyny gönükdiren “Baýkaryň” dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Selçuk Baýraktaryň “Gysga uçuş synagy boldy. Mundan soň hem synaglarymyz dowam eder. Watanymyza, milletimize düşümli bolsun” diýdi.
“Star” gazeti “Türkiýe bilen Azerbaýjan täze geçelge üçin arkalaşar” söz başyly habarynda, Azerbaýjanyň Energetika ministri Perwiz Şahbazowyň nebit we tebigy gaz pudagyndan daşgary Türkiýe bilen Azerbaýjanyň “gaýtadan işlenýan energetike geçelgesi” üçin seljeriş işlerini alyp barýandygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Şahbazow: “Azerbaýjandan Türkiýä uzak gidýän gaýtadan işlenýän energetika geçelgesiniň üstünde işleýäris. Şeýle hem Nahiçewanda 1 gigawatlyk önümçilik desgasyny gurmak we ony Türkiýe bazaryna getirmek isleýäris.
Taslama bilen Hazar denizinden Türkiýä, Zengezur Koridoryny hem öz içine alýan energetika geçelgesini gurmak isleýäris” diýdi.
“Haber Türk” gazeti “Kuşadasy kruiz syýahatçylygynda üns merkezinde” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uralogly 2024-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynyň aralygynda Kuşadasy portunyň 330 gämi bilen esasy kruiz syýahatçy kabul eden merkeze öwrülendigini nygta, “Kuşadasy 534, 982 ýolagçy bilen esasy kruiz ýolagçynyň gelen porty boldy” diýdi.