“Haber Türk” gazeti “Erdogan emeli intellekt bilen ýazylan “Boýkot” atly aýdym bilen Palestina goldaw berdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň emeli intellekt bilen ýazylan “Boýkot” atgly aýdymy paýlaşyp, Palestina goldaw berendigini ýazýar. Erdogan “Olaryň asylzada we buýsançly göreşine gydawymyz elmydama dowam eder” diýdi.
“Watan” gazeti “Türkiýe ÝUHU bazarynda lider ýurt boldy” söz başyly habarynda, soňky ýyllarda dünýäniň harby goşunlarynyň “TB2”, “Akynjy”, “ANKA” ýaly türk ýaragly uçarmansyz howa enjamlaryna bolan gyzyklanmasy artýan boşla, “Täze Amerikan Howpsuzlygy Merkezi” atly guramanyň geçiren barlagynyň Türkiýäniň 2021-njiýyldan bäri ýaragly uçarmansyz howa enjamlary pudagynda lider ýurt bolandygyny ýüze çykarandygyny ýazýar.
“Star” gazeti “Starlinke türk bäsdeş gelýär” söz başyly habarynda, “Baýkar” firmasynyň Dolandyryjylar geňeşiniň Başlygy Selçuk Baýraktaryň “milli GPS” üçin İlon Maskyň “Starlink” taslamasynda bolşy ýaly, pes orbita emeli hemra toparyny uçurjakdyklaryny beýan edendigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär. Ähli taýýarlyklaryň tamamlanandygyny aýdan Baýraktar ;” Maksadt 100 emeli hemra” diýdi.
“Hürriýet” gazeti “PTT dünýäniň 210-dan gowrak nokadyna ýük ugradýar” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglunyň PTT-niň (Poçta we Telegramma Guramasy) dünýäniň 210-dan gowrak nokadyna halkara poçta we ýük ugradýandygyny aýdandygyny mälim edýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýäniň iň uly kölünde iň uly açyş” söz başyly habarynda, mundan ozal 18 metre barabar dünýäniň iň uly mikrobialitiniň tapylan ýeri bolan Wan kölünde täze açyş edilip, 34,6 metre barabar mikrobalitiň tapylandygyny ýazýar.