“Watan” gazeti ““Köňül İlçisi” taslamasy Nyu-Yorkda tanyşdyrylar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň maşgalasy Emine Erdoganyň hemayat bermeginde iş yüzüne geçirilen “Köňül İlçisi” taslamasynyň Nyu-Yorkda BMG-niň Sessiyasynyň çäginde guraljak çärede bütin dünyä tanyşdyryljakdygyny yazyar. Çärede Türkiyäniň hemayatkär maşgala hyzmat modeli tanyşdyrylar.
“Sabah” gazeti “Türkiye energetikada merkezi baza bolar” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Bayraktaryň Türkiyäniň tebigy gaz gözlemekde dünyäniň döwrebap flotlaryndan birini döredendigini, Yrak bilen iş yüzüne geçirilyän “Galkynyş yoly” taslamasy bilen bolsa global energetika merkezine öwrülme yolunda öňe baryandygyny aydandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna yetiryär.
“Hürriyet” gazeti “Maya goyum gorlary Türkiye bilen yakyndan gyzyklanyar” söz başyly habarynda, Türkiyäniň Merkezi bankynyň ätiyaçlarynyň artmagy, nagt yetmezçiliginiň azaldylmagy we inflyasiya çaklamalarynyň peselmegi yaly täzelikleriň Türkiyäniň daşary yurtly mayadarlaryň ünsüni çekmegini üpjün edendigini yazyar.
“Yeni Şafak” gazeti “Polat Gümmez Türkiyäni gorar” söz başyly habarynda, “Roketsan” paydarlar jemgyyetiniň Baş müdiri Murat İkinjiniň “Polat Gümmeziň” Türkiyäni dolulygyna howa hüjümlerinden gorajak ulgamdygyny aydandygyny mälim edyär. Taslama türk howa giňişligini öz içine alyan “howpsuzlyk sayawanyny” emele getirmegi nazarda tutyar.
“Star” gazeti “Ersin Tatar” gazeti “Kipr gowgasyndan yza gaytmak yok” söz başyly habarynda, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tataryn Kipr meselesinde alyp baryan iki döwletli çözgüt syyasatynyň dogry we yerliklidigini, şeylelikde yza gaydylmagynyň mümkin däldigini aydandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna yetiryär.