“Watan” gazeti “Erdogan: Krymyň Ukraina gaýtarylyp berilmegi halkara hukugyň talabydyr” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Halkara Krym platformasynyň maslahatyna ugradan ýüzlenmsinde: “Ukrainanyň territorial bitewiligine, özygyýarlylygyna we garaşsyzlygyna goldawymyz bakydyr. Krymyň Ukraina gaýtarylyp berilmegi halkara hukugyň talabydyr” diýip, nygtandygyny ýazýar.
“Hürriýet” gazeti “Koreýa Respublikasy ýokary tizlikli otly taslamasyna uly gyzyklanma bildirýär” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglynyň Seulda kärdeşi Park Sang-Woo bilen Ankara-Stambul aralygynda sagatda 350 kilometr tizlik bilen hereket edýän ýokary tizlikli otly taslamasy hakynda pikir alyşandyklaryny we koreý kärdeşiniň taslama uly gyzyklanma bildirendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Sakarýa gaz giňişliginden buşlukly habarlar” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň täze tebigy gaz önümçilik merkeziniň 2026-njy ýylyň ortasynda Sakarýa gaz giňişliginde önümçilige bapşlajakdygyny nygtap; “Sakarýa gaz giňişliginden 2026-njy ýylyň ortasynda günlük 20 million m3 gaz öndürip, 8 million hojalygyň gaza bolan islegi kanagatlandyrylar” diýen sözlerini çap edýär.
“Sabah” gazeti “Ze Guardian Türkiýä gezelenç eden syýahatçylaryň garaýyşlaryny gürrüň berdi” söz başyly habarynda, Britaniýada çap edilýän “Ze Guardian” gzetinin dünýäniň çar tarapyndan Türkiýä gelen syýahatçylaryň başdan geçirilenleri hakyndaky habarynda, gezendeler Türkiýäniň her bir künjeginde özlerine täze bir açyş we ajaýyplyk hödürländigini beýan edendiklerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Star” gazeti “Türki dünýäde taryhy karar” söz başyly habarynda, Türk Akademiýasynyn Türki döwletleriň guramasy tarapyndan döredilen Umumy elipbiý toparynyň 34 harpdan ybarat Umumy türki elipbiýi teklibi boýunça ylalaşandykgyny beýan edendigini ýazýar.