“Sabah” gazeti “Erdogan: Türkiýe ösüşini dowam etdirýän ýeke-täk ýurt” söz başyly habarynda, Prezident, Adalat we ösüş partiýasynyň Başlygy R.T.Erdoganyn düýn partiýasynyň merkezinde Welaýat ýolbaşçylarynyň giňeldilen maslahatynda sözlän sözünde uly çökgünlikleri başdan geçirýän sebitde ýerleşýän Türkiýäniň jebisligini we agzybirligini gorap saklaýan, ykdysadyýetde, syýahatçylykda, goranyş senagatynda, daşary syýasatda, söwdada, howpsuzlykda ösüşini dowam etdirýän ýeke-täk ýurt bolandygyny aýdandygyny ýazýar.
“Hürriýet” gazeti “Ministr Fidan berk duýdurdy” söz başyly habarynda, Daşary işer ministri Hakan Fidanyň 13 ýyl soň Arap ligasynyň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň açylyşynda sözlän sözünde; “Türkiýe Ysraýyl bilen söwda gatnaşyklaryny çäklendirdi. Ysraýyl ylalaşygy kabul edip, Gaza bökdençsiz ynsanperwer elýeterlilik ýola goýulýança söwda gatnaşyklarymyzy başlatmarys” diýendigine ünsleri çekýär.
“Star” gazeti “Türkiýeden Arap döwletleriniň ligasyna agza ýurtlara nebit-gaz boýunça möhüm teklip” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň arap ýurtlary bilen Galkynyş ýoly taslamasy, tebigy gaz, nebit we esasy magdanlar bilen bagly hyzmatdaşlygy hem-de anyk taslamalary ýola goýmagy maksat edinýändiklerini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Watan” gazeti “Işsizligiň mukdary 8,8 göterime deň” söz başyly habarynda, Türkiýede iýul aýynda işsizleriň sanynyň öňki aý bilen deňeşdirilende 112 müň adam azalyp, 3 million 167 müň adama barabar bolandygyny mälim edýär.Işsizligiň mukdary bolsa 0,4 göterim aşaklap, 8,8 göterime deň boldy.
“Haber Türk” gazeti “Fiçiň Türkiýe boýunça analizi” söz başyly habarynda, Halkara kredit derejelendiriş guramasy “Fiç Raýtingiň” Baýry direktory we Türkiýe boýunça analitigi Erik Arisp Moralesiň Türkiýede ýygy pul syýasatynyň dowam etdiriljekdigine bolan ynamlarynyň güýçlüdigini aýdandygyna ünsleri çekýär.