Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti, “Erdogandan Yslam dünýäsine çagyryş” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Ysraýylyň Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri barada beren beýannamasynda, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler derejesinde gyssagly jemlenişmeginiň we yslam dünýäsiniň egilşiksiz tutum alyp barmagynyň möhümdigine ünsi çekendigini ýazýar.

“Star” gazeti, “ÝB-den Türkiýä ýüzlenme” söz başyly habarynda ÝB Komissiýasynyň giňelmekden jogapkär agzasy Oliwer Warhelýiniň, Türkiýe bilen Gümrük bileleşiginiň gözden geçirilmegi ýaly meseleleriň ýakyn gelejekde serilmegine garaşylýandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.

“Hürriýet” gazeti, “THÝ 8 aýda 57,4 million ýolagçy gatnatdy” söz başyly habarynda, Türk howa ýollarynyň 2024-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlaryny öz içine alýan 8 aýlyk döwürde 57,4 million ýolagçy gatnadandygyny ýazýar. Ýolagçy gatnawy geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 2,5 göterim artdy.

“Sabah” gazeti, “Stambul howa menzili Googlda hem Ýewropanyň iň gowy howa menzili” söz başyly habarynda, Googl tarapyndan geçirlen barlaga görä, Stambul howa menziliniň Ýewropanyn iň gowy howa menzili hökmünde saýlanandygyny habar berýär.

“Haber Türk” gazeti, “Türkiýäniň tanyşdyrlyş filmlerine 1 milliard gezek tomaşa edildi” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan Türkiýäniň ýakyndan tanyşdyrylmagy üçin taýarlanan filmleriň 200-den gowrak ýurduň teleýaýlymlarynda we digital platformalarynda ýaýlyma berlendigini mälim edýär. Türkiýäniň tanyşdyrlyş filmlerine 1 aýda milliard gezek tomaşa edildi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny