Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Daşary işler ministrliginiň Aýşenur Ezgi hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Önjü Keçeliniň Ysraýylyň esgerleri tarapyndan Günbatar Şeriada öldürilen Aýşenur Ezgi Eýginiň jesediniň hossarlaryna gowşurylmagy we jaýlanmagy üçin degişli işleriň alynyp barylýandygyny aýdandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ýylmaz: Ýylyň ahyrynda 264 milliard dollarlyk eksporta garaşýarys” söz başyly habarynda, Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmazyň “Esasy eksport bazarymyz bolan Ýewropada uly durgunlygyň bardygyna garamazdan eksportçylarymyz uly üstünlik gazanýarlar. Eksportumyz artmaga dowam edýär. Ýylyň ahyrynda 264 milliard dollarlyk eksportyň edilmegine garaşýarys” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Gara deňizdäki üstünligimizi mysal getirdiler” söz başyly habarynda, nemes metbugatynyň Türkiýäniň Gara deňizdäki sebitleýin ulgamy kadalaşdyrmakda üstünliklidigini, Gündogar Gara deňizde bolsa özüne garşy düzülen meýilnamalary bozup biljek güýje eýedigini ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Baýraktar: Akkuýu, elektrik toguna bolan zerurlygymyzyň 10 göterimini kanagatlandyrar” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Alplarslan Baýraktaryň Türkiýänin ilkinji atom elektrik bekedi bolan we birinji reaktory geljek ýyl ulanmaga beriljek “Akkuýu” atom elektrik bekediniň Türkiýäniň elektrik toguna bolan isleginiň 10 göterimini öndürjekdigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Ýylyň 8 aýynda satylan her 3 elektromobilden biri Togg boldy” söz başyly habarynda, “Toggyň” Türkiýäniň elektromobil bazarynda ýylyň 8 aýlyk döwründe eden 14,849 sany satuwy we 31,57 göterimlik bazar paýy bilen marka sanawynda birinji orny eýeländigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Turkish Airlines innowasion üstünlikleri üçin abraýly Inovalig baýragynda ilkinji üçlüge girdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çuwaş türkçesi
Tatar Türkçesi - 2
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny