Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti, “Taryhy sapar dünýäniň gün tertibinde” söz başyly habarynda, Müsüriň Prezidenti Abdulfettah as Sisiniň Türkiýä guran ilkinji sapary hakyndaky habarlaryň daşary ýurt metbugat organlarynda uly seslenme döredendigini ýazýar. Müsür bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklarda täze sahypa açylandygyny ýazýan gazetler, Erdogan bilen Sisiniň Gaza meselesine ünsi çekendigini belleýär.

“Haber Türk” gazeti, “Daşary işler ministri Fidan: Gazada başdan geçirilýän gyrgynçylygyň esasy jogapkäri Netanýahu” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň, düýn Demirgazyk Makedoniýanyň Daşary işler ministri Timko Mukinskiý bilen Skopýada duşuşandygyny mälim edýär. Duşuşykdan soň metbugata beýannama beren Fidan, “Gazada edilýän gyrgynçylygyň esasy jogapkäri Netanýahu” diýdi.

“Sabah” gazeti, “Putin: Erdogan bu meselede uly rol oýnady” söz başyly habarynda “Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň, Ukraina bilen Stambulda 2022-nji ýylda ylalaşyk gazanylandygyny ýatladyp, Prezident Erdoganyň bu meselede uly rol oýnandygyna ünsi çekendigini ýazýar. Russiýanyň Ukraina bilen gepleşik geçirilmegine garşy bolmandygyny aýdan Putin “Biz Stambulda gazanylan ylalaşyga laýyklykda gepleşik geçirmäge taýar” diýdi.

“Hürriýet” gazeti, “Türkiýe-Müsür uçar saparlarynyň sany 2 esse artdyrlar” söz başyly habarynda, Ulaglar we infstruktura ministri Abulkadir Uraloglunyň, Türkiýe bilen Müsüriň arasyndaky uçar saparlarynyň 2 esse artdyrylmagy boýunça ylalaşyk gazanylandygy hakynda sözlerine ýer berýär.

“Star” gazeti, “Stambul howa menzili, awgust aýynyň 26-y bilen sentýabr aýynyň 1-i aralygynda Ýewropanyň iň gelim gidimli howa menzili boldy” söz başyly habarynda, Ýewropa howa gatnawy howpsuzlyk gullugynyň, awgust aýynyň 26-y bilen sentýabr aýynyň 1-i aralygyndaky görkezijilerine görä, Stambul howa menziliniň 1494 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň gelim gidilimli howa menzili bolandygyny habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Netanýahu, Siriýada Baas Ulgamyny Agdaran Toparlara Hemle Atdy