“Ýeni Şafak” gazeti “244 gahryman türk ABŞ-na görelde boldy” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň harby howpsuzlyk gullugynyň taýýarlan habarnamasynda Koreýa urşunda ýesir düşen 244 türk esgeriniň eýe bolan abraýynyň ABŞ-nyň harby tälimini doly üýtgedendigini ýüze çykarandygyny ýazýar.
Amerikan goşuny “ýesirlik we söweş tälimi, ýaşaýyşy ugrukdyrma, gaçmak-halas bolmak we sorag edilmege çydamlylyk” täliminiň mazmuny türk esgerinden görelde alynyp düzülipdir.
“Sabah” gazeti “Milli howpsuzlyk guramasy MOSSAD-yň pul toruna uly göbrümli operasiýa gurady” söz başyly habarynda, Milli howpsuzlyk guramasynyň barlaglarynyň netijesinde Ysraýylyň howpsuzlyk gullugynyň (MOSSAD) pul toruny ugrukdyrýan Kosowanyň raýaty Liridon Rekspeini Stambulda tussag edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetriýär.
“Star” gazeti “169 ýurda Türk lirasy bilen eksport” söz başyly habarynda, Türk lirasy bilen edilen daşary söwdanyň ýylyň 8 aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 44 göterim artyp, 708,3 milliard lira barabar bolandygyny mälim edýär.
“Hürriýet” gazeti, “Hüýük ýer tudanasy ÝB-de bellige alyndy” söz başyly habarynda Konýa welaýatynyň Hüýük etrabynda ösýän “Hüýük ýer tudanasynyň” ÝB-den geografik belgi alandygyny okyžylarynyň dykgatyna ýetirýär. Şeýlelikde Türkiýäniň ÝB-den geografik belgi alan önüm sany 25-ä ýetdi.
“Haber Türk” gazeti “WakyfBankt 3-nji gezek Ginnesiň dünýä rekordlar sanawyna girdi” söz başyly habarynda, CEV Çempionlar ligasynda 6-njy gezek çempion bolan WakyfBankyň Ýewropanyň sport klublary derežesindäki esasy çärelesinde iň köp ýeňiži bolan komanda hökmünde Ginnesiň dünýä rekordlar sanawyna 3-nji gezek girmäge hukuk gazanandygyny ýazýar.