“Hürriýet” gazeti “Perezident Erdoganyň konstitutsiýanyň täze teksti hakyndaky ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň 2024-2025-nji Kazyýet ýylynyň açylyş dabarasynda sözlän sözünde Türkiýäniň täze bir raýat konstitutsiýany taýýardygyny beýan edip; “Türkiýäniň agdarlyşygyň önümi bolan konstitutsiýadan halas bolmagy üçin wagtyň gelendigini pikir edýäris” diýendigini ýazýar.
“Haber Türk” gazeti “Eksportda awgust eksporty” söz başyly habarynda, awgust aýynda eksport görkezijileriniň geçen ýylyň degişli aýynagörä 2,4 göterim ýokarlap, 22,1 milliard dollara deň bolandygyny, awgust aýy boýunça bolsa ähli döwürleriň iň ýokary görkezijisine ýetilendigini mälim edýär.
“Star” gazeti “Türkiýäniň ykdysadyýeti 16 çärýekden bäri durnukly ösýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ykdysadyýetiniň ýylyň ikinji çärýeginde 2,5 göterim ösüş edendigine ünsleri çekýär. Şeýlelikde Türkiýäniň ykdysadyýeti Kowid-19 pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylda girizilen düzgünlerine garamazdan 16 çärýekden bäri durnukly ösmäge dowam edýär.
“Ýeni Şafak” gazeti Sisi 12 ýyl soň Türkiýä sapar eder” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Müsüriň arasynda başlan gatnaşyklaryň kadalaşma tapgyrynyň çäginde 12 ýyl soň Prezident Erdoganyň Kaire sapar edendigini ýatladýar. Şol sapardan soň Müsüriň Prezidenti Sisiniň 4-nji sentýabrda Türkiýä gelmegine garaşylýar.
“Sabah” gazeti “Flake: Türkiýeden minnetdar” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Türkiýedäki Ilçisi Jeffri Flakeniň Ankaradaky 3 ýyllyk iş möhletiniň gutarandygyny beýan edip; “Global azyk howpsuzlygyny kepillendiren Gara deňiz galla başlangyjynda eýelän pozisiýasy üçin Türkiýä minnetdar. Türkiýede işlemekden buýsandym we Türkiýeden nirä gidenimde-de minnetdarlyk duýgulary we ýatlamalar bilen gidýärin” diýendigini ýazýar.