Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Türkiye Ysraýyla Günbatar Şeria bilen bagly reaksiýa bildirdi" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Ysraýylyň Günbatar Şeriada başladan bikanun operasiýasyny we Ysraýylyň daşary işler ministri Israel Katsyň Gazadaky gollanmalary Günbatar Şeriada hem amala aşyrjakdyklary baradaky beýanatyna berk reaksiýa bildirendigini habar berýär.

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: "Ysraýylyň Günbatar Şeriada başladan bikanun operasiýasyny we Ysraýylyň daşary işler ministri Israel Katsyň Gazadaky gollanmalary Günbatar Şeriada hem amala aşyrjakdyklary baradaky beýanatyny berk ýazgarýarys" diýip bellenip, Ysraýylyň premýer ministri Binýamin Netanýahunyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümediň, Palestinanyň halkyna garşy "genosid syýasatlarynyň" halkara howpsuzlygyna garşy esasy howpdugy habar berildi.

Ýeni Şafak gazedi: "Ömer Çelik Israel Katsa nägilelik bildirdi: Adamzat howp astynda" söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat sekretary Ömer Çeligiň, Ysraýylyň daşary işler ministri Israel Katsyň: "Günbatar Şerianyň halky Gazada edilşi ýaly köpçülikleýin häsýetde ýerlerinden göçürilmeli" mazmunly beýanatyna reaksiýa bildirendigini mälim edýär. Ömer Çelik: "Bu gyrgynçylyk ulgamynyň maksady ähli adamzat.

Bu ulgam duruzylmadygy saýyn, adamzat howp astyndadyr" diýip nygtady.

Star gazedi: "6 ýurt Türkiyäni saýlady" söz başyly habarynda, The Eurasian Times gazediniň, Yslam ýurtlarynyň goranyş senagaty önümleriniň üpjünçiliginde ABŞ-nyň ýerine Türkiyäni saýlandyklaryny beýan edýär. Pakistan, Indoneziýa, Malaýziýa, Azerbaýjan, Maldiwler we we Saud Arabystany ýaly ýurtlaryň ýarag üpjünçiligi babatynda Ankarany saýlandyklary aýan edildi.

Hürriýet gazedi: "Türkiyäniň salgyt rekordçysy Baýraktar doganlar" söz başyly habarynda, Türkiyäniň 2023-nji ýyldaky salgyt boýunça rekordçysy goranyş we awiasiýa pudagynyň lider eksportçysy Baýkar kärhanasynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Selçuk Baýraktar bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Sanawyň 2-nji ornunda Baýkar kärhanasynyň baş müdüri Haluk Baýraktar bar.

Haber Türk gazedi: "Salda köli Bütindünýä geologiki miras sanawyna girdi" söz başyly habarynda, Halkara geologiýa ylymlary bileleşiginiň, 2 ýylda bir gezek taýarlaýan "100 Geologiki miras" sanawyny çap edendigini habar berýär. Burdur welaýatynyň Ýeşilowa etrabynda ýerleşýän Salda köli sanaw girdi. Firuza reňkli suwy, ak kenarlary we geologiki gurluşy bilen ünsi özüne çekýän Salda köli her ýyl müňlerçe myhmany kabul edýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Aleksandr Puşkiniň doglan gününiň 220 ýyllygy bellenildi
Owazasy dünýä dolan “Gün sirki”
Asly türkmenistanly ABŞ-nyň gözellik bäsleşiginde çykyş edýär
Aşgabatda Nexus sebit maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Nusgawy ýazyjylaryň eserleri tora goýuldy