Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Ministr Fidan: Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşyk geçirdi" söz başyly habarynda, Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidanyň düýn resmi sapar bilen Türkiyä gelen Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen Ankara şäherinde duşuşyk geçirendigini habar berýär. Duşuşykda Azerbaýjan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde gün tertibiniň ileri tutulýan sebitleýin we halkara meseleler barada pikir alyşyldy.

Haber Türk gazedi: "Türkiye bilen Russiýanyň arasynda Gaza bilen bagly gepleşikler" söz başyly habarynda, Russiýanyň Federal mejlisi Dumanyň Daşary gatnaşyklar komitediniň başlygy Leonid Slutskiý we ýanyndaky wekiliýet bilen gepleşikler geçiren TBMM-niň Daşary gatnaşyklar komissiýasynyň başlygy Fuat Oktaýyň, Ysraýylyň Gazadaky gyrgynçylyklarynyň iň gysga wagtda bes edilmeginiň gerekdigi bellenip: "Bu gara tegmiliň iň gysga wagtda adamzat taryhyndan arassalanmagy we garaşsyz bir Palestina döwletiniň esaslandyrylmagy iň uly arzuwymyz" diýip aýdandygyny beýan edýär.

Sabah gazedi: "109 ýyllyk taryh ýaňadandan ýüze çykaryldy" söz başyly habarynda, Çanakgalada 2023-nji ýylda tapylan we 1 ýyl dowam eden Çanakgala uruşlary Gallipoli taryhy ýadygärlik müdirligi tarapyndan geçirilen gazuw agtaryş işleriniň netijesinde, I Jahan urşunda ulanylan we şu günki güne çenli gizlin bolan 109 ýyllyk artilleriýa liniýalarynyň ýüze çykarylandygyny aýan edýär.

Watan gazedi: "Türkiyede internet ulanylyşy artdy" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Statistika guramasy tarapyndan geçirilen Öý hojalygynyň maglumat tehnologiýalarynyň ulanylyşy 2024 atly derňewiň netijeleriniň aýan edilendigini mälim edýär. Derňewe görä ýurtda internet ulanylyş görkezijileri 16-74 ýaş aralygyndaky toparda 88,8 göterim boldy. Internet ulanylyş görkezijisi şol ýaş aralygyndaky toparda erkekleriň arasynda 92,2 göterim, zenanlaryň arasynda 85,4 göterim.

Star gazedi: "Baýkar paýlaşdy: Üstünlikli tamamlandy" söz başyly habarynda, Baýkar kärhanasy tarapyndan berilen beýanata görä, dolulygyna ýerli we milli ýagdaýda özgerdilen Baýraktar Gyzylalma uçarmansyz harby uçaryň gijeki synaglarynyň üstünlk bilen tamamlanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

"Olar işe gaýdyp, dereksiz ýitýärler". MA migrantlary Türkiýedäki ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiye Nebit Pudagy Boýunça Maksatnamalaryny Artdyrdy
Çanakkalede Bosgunlary Alyp Barýan Gämi Batdy
Erdogan Çanakgala Ýeňişi Mynasybetli Ýüzlenme Çap Etdi
Çanakgala Ýeňişine 109 Ýyl Doldy