Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Prezident Erdogan: Ýörişimiz Türkiyäniň Asyryna tarap" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, düýn Malazgirt ýeňişiniň 953-nji ýyly bilen bagly geçirilen çärede eden çykyşynda: "Biziň ýörişimiz Türkiyäniň Asyryna tarap. Malazgirt ýeňişiniň ýol görkezijiliginde, yşygynda nesip bolsa şol ýol bilen ýöräris" diýendigini habar berýär.

Watan gazedi: "3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan düýn berilen beýanatda, Yragyň demirgazygyndaky Penje-gulp operasiýasy sebitinde anyklanan PKK-a agza 1 terrorçy bilen Siriýanyň demirgazygyndaky Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde anyklanan PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim edýär.

Sabah gazedi: "Türksat 6A-nyň elektrik hereketlendirijisi üstünlikli işledildi" söz başyly habarynda, TÜBITAK Älem tarapyndan, Türkiyäniň ilkinji ýerli we milli aragatnaşyk emeli hemrasy Türksat 6A üçin özgerdilen elektrik hereketlendirijisiniň üstünlik bilen işledilendigini beýan edýär. Türk inženerler tarapyndan öndürilen hereketlendiriji Türksat 6A-nyň hereket mümkinçiligine goşant goşar, älem giňişligindäki ömrüni artdyrar.

Star gazedi: "Sebitde Baýraktar TB2 tolgunmasy" söz başyly habarynda, Afrikanyň metbugatynyň BAÝKAR Tehnologiýa kärhanasy tarapyndan özgerdilen Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulaglary barada ünsleri özüne çekiji öňe sürme çap edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Keniýanyň Baýraktar TB2 almaga taýarlyk görýändigini bellän Afrikanyň metbugaty, TB2-leriň operatiw ýagdaýa gelmegi bilen, ýurduň harby başarnyklaryny ösdürmekde, sebitleýin parahatçylyga we howpsuzlyga goşant goşmakda möhüm rol eýelejekdigini öňe sürdi.

Haber Türk gazedi: "Gündogar Gara deňizden 7 aýda 25 ýurda deňiz önümleri eksport edildi" söz başyly habarynda, Gündogar Gara deňizden ýanwar-iýul aýlary aralygynda Russiýa Federasiýasy başda bolmak bilen dünýäniň 25 ýurduna deňiz önümleriniň eksport edilendigini aýan edýär.

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Saffet Kalýonju sebitden ýylyň ilkinji 7 aýynda 19 müň 339 tonnalyk deňiz önümleriniň eksport edilendigini habar berdi.Ady agzalan eksportdan 105 million 219 müň 863 dollarlyk girdeji alynandygyny aýdan Saffet Kalýonju: "Russiýa Federasiýasy 66 million 503 müň 75 dollar bilen sanawyň ilkinji ornuny eýeledi.

Russiýa Federasiýasyndan soň 11 million 465 müň 508 dollar bilen Belarussiýa we 10 million 27 müň 709 dollar bilen Wýetnam gelýär.Sebitden mundan başgada geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende Ukraina, Daniýa, Müsüre, Keniýa, Filippinlere, Ispaniýa we DKTR-na şol wagt aralygynda deňiz önümleri satyldy" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär
Yragyň demirgazygyndan gaçan PKK-a agza 1 terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi
Türkiyäniň Yrak serhedinde PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi