Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Ýeňiş iru-giç Palestinaňykly bolar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ysraýylyň ähli wagşylygyna, barbarlygyna, Gazada 10 aýdan bäri dowam etdirýän terroryna garamazdan palestin halkynyň göreşme gaýratyny syndyryp bilmändigini aýdandygyny ýazýar. Erdogan; “Watanyny gahrymanlarça goraýan palestin halkyna ýene-de bir gezek ýalkymly salam! Ýeňişiň iru-giç hökman palestinaly doganlarymyzyňky boljakdygyna ýürekden ynanýaryn” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Erdogan Malazgirt ýeňişine bagyşlanan çärede möhüm ýüzlenme berdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Malazgirt ýeňişiniň 953-nji ýyllygy mynasybetli Bitlis welaýatynyň Ahlat etrabynda geçirilen çärede möhüm beýanat berendigini ýazýar. Erdogan: “Anadoly biziň öz ýurdumyzdyr, biziň bärde ornaşmagymyzy görübilmeýänlere agyr ýeňiliş garaşýar” diýdi.

“Star” gazeti “Türkiýe-Yrak gatnaşyklary grek metbugatynda” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Yragyň soňky ylalaşygy netijesinde terror guramasy PKK garşy täze başlangyçlaryň edilmegi grek metbugatynda giň seslenme döredendigini mälim edýär. Türkiýe bilen Yragyň arasynda bolup geçýänleri “geň galdyryjy üýtgeşiklik” hökmünde häsýetlendiren grek metbugaty, Türkiýäniň Yrakdaky harby güýjüniň täzeden kesgitlenendigini mälim etdi.

“Haber Türk” gazeti “Zelenskiý Ukraina parahatçylyk sammiti üçin Türkiýä ünsi çekdi” söz başyly habarynda, Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiýniň Russiýa-Ukraina urşy boýunça Ukraina parahatçylyk sammitiniň 2-njisiniň “Global günorta” ýurtlarynda geçirilmeginiň ýerlikli boljakdygyny, Türkiýe, Saud Arabystany we Katar bilen gepleşikleriň dowam edýändigini aýdandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Syýahatçylykda rekord gelýär” söz başyly habarynda, iýul aýynda Türkiýä 7,3 million syýahatçyny kabul edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ýanwar-iýul aýlarynyň aralygynda daşary ýurtly syýahatçy sany 8,27 göterim ýokarlap, 29 milliona ýetdi. 60 million syýahatçy maksadyna ýene-de bir ädim ýakynlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan we Blinken Siriýadaky syýasy geçiş tapgyry hem-de Gazadaky genosid hakynda pikir alyşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny