Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “5 ýyl soň Türkiýä gelen möhüm çakylyk” söz başyly habarynda, Türkiýäniň 29-njy awgustda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçiriljek ÝB-niň Daşary işler ministrleriniň resmi däl maslahatyna çagyrylandygyny ýazýar. Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Önjü Keçeli ministr Hakan Fidanyň maslahata gatnaşmak üçin Brýussele gitmeginiň göz öňünde tutulýandygyny beýan etdi.

“Watan” gazeti “Soňky bir hepdede 38 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrliginiň Metbugat we jemgyýet bilen gatnaşyklardan jogapkär resmisi admiral Zeki Aktürkiň düýn ministrlikde geçirilen ýygnakda soňky 1 hepdede 38 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri 868 sanysy Yragyň, 891 sanysy Siriýanyň demirgazygynda jemi täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň 1,763-e ýetendigi beýan edildi.

“Sabah” gazeti “Milli goranmak ministri Güler Indoneziýa sapara gitdi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Ýaşar Güleriň Malaýziýa saparyndan soň düýn Indoneziýanyň paýtagty Žakarta barandygyny ýazýar. Ministr Güler Indoneziýanyň Goranmak ministrliginde harby dabara bilen garşylandy. Soň saýlanan Prezident we şol bir wagtda-da Goranmak ministri bolan hormatly dynç alyşdaky korpus general Prabowo Subianto bilen duşuşdy.

“Haber Türk” gazeti “Gündogar Gara deňizden 7 aýda 11 ýurda bal eksport edildi” söz başyly habarynda, Gündogar Gara deňizden ýanwar-iýul aýlarynyň aralygynda ABŞ-nyň başda durmagynda 11 ýurda bal eksport edilendigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýar.

Gündogar Gara deňiz Eksportçylar bileleşiginiň ýolbaşçysy Saffet Kalýonsynyň sebitden 7 aýda 335 tonna balyň eksport edilendigini aýdandygyny ýazýar.Kalýonsy eksportdan 1,4 million dollardan gowrak girdejiniň alynandygyny mälim etdi.

“Hürriýet” gazeti “Fethiýe galasyndaky gazuw-agtaryş işinde heýkeliň kellesi tapyldy” söz başyly habarynda, Mugla welaýatyndaky Fethiýe galasynda geçirilýän gazuw-agtaryş işinde Apollona degişlidigi çaklanylýan heýkeliň kellesiniň tapylandygyna üns çekilýär. Gazuw-agtaryşyň ýolbaşçysy Professor Kadir Pektaşyň “Heýkeliň kellesi Apollona ýa-da başga bir taryhy şahsa degişlidir. Buraw ulanylandygy üçin biziň eýýamymyzyň 2-nji asyryna degişlidigi anyklandy” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Haýwanat dünýäsiniň iň akylly jandarlary
Ikinji möhlet üçin kasam kabul etdi
Kasym Žomart-Tokaýew häkimlik edýän partiýanyň ýolbaşçysy wezipesinden aýryldy
Emmanuel Makron ýaňadandan Prezident wezipesine saýlandy
Belgiýada sürüjileriň biri ulagyny adamlaryň üstüne sürdi
Gazagystanyň Ozalky Goranmak Ministri Murat Bektanow Saklandy