Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Ministr Fidan Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Amerikanyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny ýazýar. Amerikan tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilen telefon söhbetdeşliginde Hamas bilen Ysraýylyň arasynda hüjümleriň bes edilmegi boýunça geçirilýän gepleşiklerde ýetilen sepgit we sebitdäki wakalar hakynda pikir alyşyldy.

“Sabah” gazeti “Yragyn we Siriýanyň demirgazygynda anyklakdy: 8 terrorçy täsirsiz” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrliginden berilen beýannamada Yragyň demirgazygyndaky Hakurk etrabynda anyklanan 7 PKK terrorçusy bilen Siriýanyň demirgazygyndaky “Zeýtun Şahasy” zolagynda anyklanan 1 PKK/ÝPG terrorçusynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendiginiň mälim edilendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Şimşek: Maksadymyz global gönüden maýa goýumlardan alynýan paýymyzy 2028-nji ýylda 1,5 göterime ýetirmek” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşegiň “2003-nji ýyldan ozal 0,2 göterime deň bolan global gönüden maýa goýumlaryndan alýan paýymyz 2003-2023-nji ýyllaryň aralygyndaky döwürde 0,9 göterime ýetdi.

Halkara gönüden Maýa goýum strategiýamyzdaky maksadymyz 2028-nji ýyla çenli şol mukdary 1,5 göterime ýetirmek” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “İki ýurduň howa giňişligine Türkiýe galkany” söz başyly habarynda, Malaýziýa we İndoneziýa uçarmansyz howa ulagyny we reaketa eksport eden Türkiýäniň gazanýan üstünliginiň Amerikan metbugatynda seslenme döredendigini mälim edýär.

Amerikan metbugaty köp sanly taslamanyň dowam edýändigi göz öňünde tutulanda 10 ýylyň dowamynda İndoneziýa we Malaýziýanyň ýaragly güýçleriniň öz howa giňişliklerini, suw giňişligini goramak hem-de olara gözegçilik etmek üçin türk önümi ulgamlary ornaşdyrjakdygynyň açykdygyny ýazdy.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýäniň gyzylbalyk eksporty artýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Gündogar Gara deňiz sebitinden ýanwar-iýul aýlarynyň aralygynda türk gyzylbalygynyň eksportundan alynan girdejinin geçen ýylyň degişli döwrüne görä 3 göterim ýokarlap, 94 million dollara barabar bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar. Russiýa, Belarus we Wiýetnam esasy alyjy ýurtlar boldy.

Ýene degişli makalalar

2 Terrorçy Howpsuzlyk Güýçlerine Boýun Egdi
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär
PKK/ÝPG-li 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär