Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “TRT-niň topary ýehudi basybalyjylarynyň arasynda siňdi” söz başyly habasynda, TRT-niň terror döwleti Ysraýylyň Günbatar Şeriadaky basybalyjy pozisiýasyny surata alan dokumental filmi bilen bütin dünýäniň dykgatyna ýetirjekdigini ýazýar. TRT-niň işgärleriniň Günbatar Şeriadaky radikal ysraýyllylaryň arasyna siňip, sureat alynan dokumental film, Palestinanyň terrotoriýasynyň Ysraýylyň goldaw bermeginde nähili böleklenendigini delilleri bilen gürrüň berýär.

“Star” gazeti “Dost ýurtdan üns çekiji ýüzlenme” söz başyly habarynda, Albaniýanyň Mejlisiniň Başllygy Elisa Spiropaliniň ýurdunyň “güýçli dostluklara eýe bolunan” Türkiýe bilen strategik ýaranlygyny hasam güýçlendirjekdigini beýan edendigini ýazýar. Spiropali; “Mejlisimiz Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisi bilen hyzmatdaşlygyny ähli derejelerde giňeldip, halklaryň arasynda köptaraply hyzmatdaşlygy hem-de dostlugy goldar” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Maliýe durnuklylygy güýçlenýär” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşegiň makro maliýe durnuklylygy güýçlendirendiklerini nygtap; “Gyşarnyksyz berjaý edilýän maksatnamamyz bilen makro maliýe durnuklylygy güýçlendirip, howplary azaltdyk. Şeýlelikde daşarky karz alma gymmatymyzy aşaklatdyk” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Stambul howa menzili 303 million ýolagçyny geçdi” söz başyly habarynda, uçuş gatnawynda Ýewropada 4 ýyldan bäri yzly-yzyna iň gelim-gidimli howa menzili bolan Stambul howa menzliniň açylnan gününden bäri 303 milliondan gowrak ýolagçyny gatnadandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “DKTR-nyň Prezidenti Tatar “ykbal birligine” üns çekdi” söz başyly habarynda, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasnyň Prezidenti Ersin Tataryň 1071-nji ýyldaky Malazgirt urşunyň,1453-nji ýylda Stambulyň zabt edilmeginiň we 1571-nji ýylda Kipriň zabt edilmeginiň ykbal birligini emele getirýän üç möhüm senedigini beýan edip; “Ene watan, bala watan, mawy watan bilelikde güýçli ädimler bilen gelejege tarap ýöremegiň bagtyýarlygyny başdan geçirýär” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Bu krizisiň ady wyjdan krizisi"
ABU TRT-nyň ýer eýeçilik etmeginde Stambulda geçiriler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
EURO 2024 Çempionaty dowam edýär
TRT Halkara dokumental film baýraklary başlaýar
TRT-niň Täsiri Gün Saýyn Artýar