Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Prezidentiniň orunbasary Ýylmaz: “Atmaca bizi buýsandyrdy” söz başyly habarynda, Prezidentiň orunbasary Cewdet Ýylmazyň düýn sosial media hasabyndan beren habarnamasynda iň uzak aralykly we möhletli uçuşy bilen nyşanany gyşarnyksyz uran ganatly raketa “Gara Atmaca” buýsanýandygyny beýan edendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Demir ýoly bilen eksportda 7 ýylda 1,2 million tonna ýük gatnadyldy” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglunyň demir ýoly bilen edilen eksportuň ýylyň ýanwar-iýul aýlarynyň aralygynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 13,2 göterim ýokarlap, 1,2 million tonna barabar bolandygyny aýdandygyny mälim edýär.

“Star” gazeti “Furtunanyň Türkiýe hakyndaky ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Moldowada prezidentlige dalaşgär Wiktoriýa Furtunanyň Türkiýe bilen Moldowanyň arasyndaky gowy gataşyklara ünsi çekip, “Türkiýe elmydama Moldowa dost boldy” diýen sözlerini çap edýär. Prezident R.T.Erdoganyň önümçiligi höweslendirici çemeleşmesine sarpa goýýandygyny aýdan Furtuna, Moldowanyň hem şeýle syýasatlara zerurlyk duýýandygyna ünsi çekdi.

“Haber Türk” gazeti “Antalýa howa ýoly bilen gelen syýahatçylaryň sany 10,6 milliona ýetdi” söz başyly habarynda, Antalýa 1-nci ýanwar bilen 18-nci awgustyň aralygynda howa ýoly bilen gelen syýahatçylaryň sanynyň 10,6 milliona barabar bolandygyny, ýolagçylaryň esasan Russiýadan, Germaniýadan we Britaniýadan gelendigini okycy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Ýagyz Kaan Erdogmuş küştde 2600 ELO-dan geçen ýaş türgen boldy” söz başyly habarynda, küştde uly ussat derecesine eýe bolan Ýagyz Kaan Erdogmuşyň 2600 ELO-dan geçen iň ýaş türgen derecesine hem eýe bolandygyny mälim edýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gagauz türkçesi
Çuwaş türkçesi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Saha Türkçesi - 1
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny