Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe Ysraýylyň TRT-niň işgärlerine guran hüjümine reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Ysraýylyň goşunynyň Gaza Sektorunyň günortasyndaky Han Ýunus şäheribde “howpsuzlygy öňe sürülen” zolakda Türkiýäniň radi-telewideniýe guramasynyň “TRT Arabi” ýaýlymynyň işgärleriniň ulagyna hüjüm gurandygyny ýazýar. Mejlisiň Başlygy Numan Kurtulmuş, Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmaz we Ak partiýanyň Metbugat sekretary Ömer Çeligiň hüjümi ýazgarandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “Hamas bilen Türkiýäniň arasynda möhüm aragatnaşyk” söz balşyly habarynda, Hamasyň ýolbaşçylary bilen Türkiýäniň arasynda möhüm gepleşik geçirilendigini mälim edýär. Gepleşikde Kataryň paýtagty Doha şäherindäki gepleşikler hem-de ýesir çalşygy hakynda pikir alyşyldy. Hamasyň ýolbaşçylary amerikalylaryň gepleşikleriň barşy hakynda oňyn maglumat berýändigini, emma gepleşiklerde hakykatyň beýle däldigini beýan etdi.

“Star” gazeti “Türkiýeden Gaza kömek eli” söz başyly habarynda, Türkiýäniň basybalyjy Ysraýylyň hüjümlerine sezewar bolýan müňlerçe palestinaly üçin ynsanperwer kömeginiň üznüksiz dowam etdirýändigine ünsleri çekýär. Türkiýe häzirki wagta çenli 50 müň tonnadan gowrak ynsanperwer kömegini Gaza ýetirdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Bagdat bilen harby ugurlarda-da hyzmatdaşlyk” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Yragyň arasynda terrorizme garşy göreş boýunça hyzmatdaşlygyň söwda we ulag-ýol pudaklaryny hem öz içine alýan görnüşde giňelýändigini ýazýar. Bagdaýda açyljak bilelikdäki merkezde harby wekilleriň ýany bilen gümrük, raýat awiasiýasy ýaly guramalaryň wekileri hem işlär.

“Watan” gazeti “Türkiýede höwesjeň awiatorlar üçin howa menzilleri gurular” söz başyly habarynda, Türkiýäniň çar tarapynda dikligine gonup-uçýan we beýleki howa ulaglar üçin howa kompleksleriniň guruljakdygyny mälim edýär. Şeýlelikde hem uçarmanly hem-de uçarmansyz howa ulaglarynyň, şol sanda-da raýat awiasiýasynyň ösmegine goşant goşular.

Ýene degişli makalalar

Uýgur Türkçesi - 2
Saha Türkçesi - 1
Saha Türkçesi - 2
Tatar Türkçesi - 1
Tatar Türkçesi - 2
Uýgur Türkçesi