Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Abbas Türkiýäniň Mejlisinden dünýä ýüzlendi: Gaza gidýärin” söz başyly habarynda, Palestinanyň döwlet Ýolbaşçysy Mahmud Abbasyň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde eden çykyşynda İýersalimiň Palestina üçin geçilmesiz çäkdigini beýan edip; “Territoriýamyzy ýekeje garyş hem bolsa bölýän çözgüdi kabul etmeris. Öňümizde çözgüt galmady. Men, Palestinanyň dolanşygyndaky doganlarym bilen Gaza gitmek hakynda karara geldim” diýen sözlerini çap edýär.

“Watan” gazeti “Türkiýäniň öňbaşçylygyna kanagatlanma bildirýäris” söz başyly habarynda, Palestinanyň döwlet Ýolbaşçysy Mahmud Abbasyň “Türkiýe kanuny haklarymyzy goraýar. Erdoganyň liderligindäki Türkiýäniň öňbaşçylygyna kanagatlanma bildirýäris” diýip, palestin halkyny goldaýan doganlyk türk halkyna sagbolsun aýtdy.

“Star” gazeti “Erdogan: Egilşik etmeris” söz başyly habarynda, Prezdent Erdoganyň terrorizme garşy göreşde egilşik etmegiň mümkin däldigini nygtap; “Terrory ýurdumyz üçin howp bolmakdan aýyrýança egilşiksiz göreşimizi dowam etdireris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Meşhur iňlis futbol gepleşiginde Ýusuf Dikeç hakynda öwgüli sözler aýdyldy” söz başyly habarynda, 2024 Parij olimpiýa oýunlarynda özüni tanadan milli Mergen Ýusuf Dikejiň meşhur iňlis futbol gepleşigi “Stik do Futbolda” ýatlanyp geçilendigini ýazýar. Ýusuf Dikeç hakynda öwgüli sözler aýdan ozalky futbolçy Ian Wraýt; Olimpiadalarda äýnek, gulaklyk we birnäçe ýörite ýaraglar ulanýarlar.

Ol geldi, adaty äýnegini dakyndy.Eli jübüsinde atdy we ikinji bolup gitdi.Dogruçyl bolalyn. Ýokary derejeli enjam ulanmajak derejede özüne ynamy güýçli” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylly esgerler iki palestinalyny öldürdiler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistan-Malaýziýa: ynsanperwer we senagat ulgamlarda hyzmatdaşlyk ähtnamalaryna gol çekildi
Ysraýylyň Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany 1200 Adama Golaýlady
Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň Şuşada geçiriljek mejlisine gatnaşar
Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň Şuşada geçiriljek medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisine gatnaşar