Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň gurluşy doly özgerdilmeli” söz başyly habarynda, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde Afrika wekilçilik edilmegine şert döredýän özgertmäniň edilmelidigini beýan eden BMG-niň Baş sekretary Guterrişe jogap beren Prezident Erdoganyň; “Global parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etme borjuny berjeý etmekden daşda durýan BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň gurluşy dolulygyna özgerdilmeli” diýen sözlerini çap edýär.

“Haber Türk” gazeti “Erdogan Palestinanyň döwlet Ýolbaşçysy Abbas bilen duşuşdy söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Baş Assambleýasynda çykyş etmek üçin Türkiýä gelen Palestinanyň döwlet Ýolbaşçysy Mahmud Abbas bilen duşuşandygyny ýazýar. Duşuşyk metbugata ýapyk häsýetde geçdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Günorta Afrika Türkiýäniň Ysraýyla garşy gozgalan genosid işine tarap bolup gatnaşmagyndan hoşal” söz başyly habarynda, Günorta Afrrikanyň Halkara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk ministri Ronald Lamolanyň Türkiýäniň Halkara Adalat Diwanynda Ysraýyla garşy gozgalan genosid işine tarap bolup gatnaşmagyna kanagatlanma bildirýändiklerini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “ABŞ Türkiýä “ýesir çalşygy” üçin minnetdar” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Türkiýedäki Ilçisi Jeff Flaýkyň Milli howpsuzlyk guramasynyň geçiren ýesir çalşygy hakynda “Bu işi Türkiýeden başga ýurduň edip biljekdigine ynanmaýaryn. İňňän başarnykly we kämil işdi” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “ “Baýkar” tarapyndan öndürilen Galkan dikligine gonup-uçýan uçarmansyz howa ulagynyň (DGUHU) ulgam kesgitleýiş synagynyň üstünlik bilen geçirilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Siriýa meselesinde Asudalyk Üçin Çagyryş Etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
BMG Möhüm Kararlardan Birini Kabul Etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny