“Hürriýet” gazeti “Türkiýe Al-Aksa metjidinde geçirilen barlaga reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada “Ministrler bilen bilelikde ýüzlerçe radikal ysraýylly tarapynda Al-Aksa metjidinde polis goragynda barlag geçirmegi İýerusalimiň taryhy hukuk derejesine bap gelmeýan we sebitimizdäki dartgynlygy hasam artdyrjak meçew bermedir” diýilýändigini ýazýar.
“Haber Türk” gazeti “Ministr Fidanyň möhüm telefon söhbetdeşlikleri” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Kataryň we Müsüriň daşary işler ministrleri bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliklerinde ysaraýylly ministrleriň Palestinany basyp alan fanatiki ýehudiler bilen Al-Aksa metjidinde geçiren barlag hem-de Gazadaky soňky ýagdaý hakynda pikir alyşandygyny mälim edýär.
“Star” gazeti “Türkiýäniň polat gümmezi dünýä metbugatynda” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ysraýylyň “Demir gümmezine” bäsdeş boljak köpgatlakly howa goranyş ulgamyny döretmek üçin möhüm maksatnamany durmuşa geçirýändigini ýazýan daşary ýurt metbugat organlarynyň “Türkiýe Ysraýylyň Demir gümmezine “Polat gümmez” howa goranyş ulgamy bilen garşy durar” düýlen garaýyly beýan edendigine ünsleri çekýär.
“Sabah” gazeti “Türkiýä maýa goýumlar artar” söz başyly habarynda, Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmazyň halkara firmalarynyň Türkiýede maýa goýum goýmak hakynda kararlar kabul edýändigini nygtap; “Dünýäniň öndebaryjy maýadarlar firmalarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda 28-nji sentýabrda geçiriljek Maýa goýum geňeşiniň maslahatyna çagyrdyk” diýen sözlerini çap edýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Ýylyň birinji ýarymynda Türkiýä 4,7 milliard dollarlyk gönüden maýa goýuldy” söz başyly habarynda, Türkiýä gelen halkara gönüden maýa goýumlaryň mukdarynyň ýylyň 6 aýynda 4,7 milliard dollara barabar bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gollandiýa, ABŞ, Germaniýa, Irlaniýa, Norwegiýa we Britaniýa Türkiýede ýylyň birinji alty aýynda maýa goýan ýurtlar boldy.