“Star” gazeti “Ministr Fidan amerikaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny yazyar. Amerikan tarapynyň başlangyjy boyunça geçirilen telefon söhbetdeşliginde Ysrayyl bilen Hamasyň arasyndaky gepleşik tapgyry we sebitdäki möwç alyan dartgynlyk hakynda pikir alyşyldy.
“Hürriyet” gazeti “Ömer Çelik: Ysrayyl ylalaşygy bökdeyär” söz başyly habarynda, Ak partiyanyň Başlygynyň orunbasary we Metbugat sekretary Ömer Çeligiň Ysrayylyň Gazada edyän genosidine reaksiya bildirendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna yetiryär. Çelik: Adamzat taryhynyň iň wagşy hökümeti bolan Netanyahunyň yolbaşçylygyndaky hökümet, jenayat topary kazyyet işine çekilmeli. Ysrayyl ylalaşygy bökdeyär” diydi.
“Sabah” gazeti “Ministr Güleriň Siriya hakyndaky beyanaty” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Yaşar Güleriň Siriya bilen gazanyljak ylalaşyga görä kesgitlenjek yerde döwletara wekiliyetleriň maslahatynyň geçirilip bilinjekdigini aydandygyna ünsleri çekyär. Ministr Güler: “Türkiye Siriyadan çekilme meselesinde utgaşyklygy diňe konstitutsiyanyň täze teksti kabul edilip, saylawlar geçirilenden we serhetleriň howpsuzlygy kepillendirilenden soň maslahat geçirip biler” diydi.
Yeni Şafak” gazeti “Töwellaçylaryň salgysy Türkiye” söz başyly habarynda, Türkiyäniň töwellaçylyk etmeginde Efiopiya bilen Somaliniň wekiliyetleriniň Ankarada, Daşary işler ministrliginde duşuşandygyny mälim edyär. İki yurduň arasyndaky dartgynlyk; Somalilandyň Somaliden bir taraply garaşsyzlygyny yglan edip, Efiopiya bilen söwda we harby ylalaşyk ähtnamasyny baglaşmagyndan soň yüze çykypdy.
“Haber Türk” gazeti “Eksportda 20 welayat 1 milliard dollardan geçdi” söz başyly habarynda, Söwda minsitrliginiň iyul ayyna degişli welayatlara görä eksport görkezijilerini çap edendigini okyjylarynyň dykgatyna yetiryär. Şuňa layyklykda Stambul iyul ayynda 6,5 milliard dollardan gowrak eksport bilen birinji orny eyeledi. Şäheriň eksporty geçen yylyň degişli ayyna görä 53,8 göterim artdy.
Yanwar-iyul aralygynda 20 welayat 1 milliard dollardan yokarda eksport edildi we 51 welayatyň eksporty artdy.