Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Baýden Milli howpsuzlyk guramasynyň gönükdiren çalşyk operasiýasy bilen gönüden gyzyklandy” söz başyly habarynda, Milli howpsuzlyk guramasynyň töwellaçylyk etmeginde 1-nji awgustda geçirilen taryhy çalşyk operasiýasy bilen bagly giňişleýin maglumatlar çap edildi.

Hem ABŞ hem-de Russiýa operasiýanyň Türkiýede geçirilmegini isledi.Bu islegde iki ýurduň hem Türkiýä bolan ynamynyň täsiri uly.Türkiýe ABŞ-na we Russiýa “siz beýanat berýänçäňiz, biz beýannama bermeris” diýip, güwä geçdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden taryhy çalşyk operasiýasy bilen gönüden gyzyklandy.

“Ýeni Şafak” gazeti “Demirgazyk Yraga bäş sany täze baza” söz başyly habarynda, Türk ýaragly güýçleriniň “Penje-Gulp” operasiýasy bilen Yragyň demirgazygynda terrordan saplanan zolaklarda howpsuzlyk giňişlikler döretmek üçin bäş sany täze baza açjakdygyny ýazýar. Türk ýaragly güýçleri bazalaryň açyljak ýerlerinde gözleg we seljeriş işlerini tamamlady.

“Star” gazeti “TBMM-de Mahmud Abbas üçin taýýarlyk görülýär” söz başyly habarynda, Palestinanyň döwlet Ýolbaşçysy Mahmud Abbasyň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Baş Assambleýasynda çykyş etjek nobatdan daşary maslahaty sebäpli 15-nji awgustda howpsuzlyk taýdan degişli çäreleriň görülýändigini ýazýar. Prezident Erdoganyň hem gatnaşjak maslahatyna Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýaralananlar we Türkiýede bejergi alýanlar hem çagyrylar.

“Sabah” gazeti “Türkiýe aýak gap önümçiliginde 6-njy orunda durýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň aýak gap eksportunyň ýylyň 6 aýynda 588,7 million dollara barabar bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Dünýäde aýak gap önümçiliginde 6-njy orunda durýan Türkiýe 2030-njy ýylda 6,8 milliard dollardan söwda mukdaryna ýetmegi maksat edinýär.

Ýene degişli makalalar

“Gaza Gitmek Üçin Taýarlyk Görýäris”
“Gaza, soň bolsa paýtagtymyz Iýerusalime giderin”
"Biziň Janymyz Gazaly Çagalaryň Janyndan Süýji Däl”
Prezident Erdogan Palestinanyň Prezidenti Abbas Bilen Duşuşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Palestinanyň prezidenti Türkiyä sapar gurar