Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe Ysraýylyň genosid boýunça kazyýet işine tarap bolup goşuldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Halkara Adalat Diwanynda Ysraýyla garşy gozgalan genosid boýunça kazyýet işine tarap bolup goşulmak hakyndaky beýanatyny Diwanyň garamagyna hödürländigini ýazýar. Daşary işler ministri Hakan Fidan: “Genosid üçin halkara jemgyýetçiligi öz üstüne düşýän borjuny berjaý etmeli; Ysraýyla we ýaranlaryna gysyş edilmeli” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Kurtulmuşyň Gaaga taryhy ýüztutmadan soňky ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Mejlisiň Başlygy Numan Kurtulmyşyň Türkiýäniň ganhor Ysraýylyň Halkara Adalat Diwanynda genosid etmişi boýunça kazyýet işine tarap bolup goşulmak üçin eden ýüztutmasyndan soň ýüzlenme berendigini ýazýar. Kurtulmuş: “Netanýahunyň we garakçy toparynyň eden jenaýatlary sebäpli laýyk bolan iň agyr jezasyny almagy üçin tagallamyzy dowam etdireris” diýdi.

“Sabah” gazeti “Türkiýäniň howa menzillerinde 7 aýda 130 million ýolagçy gatnadyldy” söz başyly habarynda Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglynyň iýul aýyna degişli uçar gatnawy, ýolagçy we ýük gatnawy boýunça görkezijiler hakynda maglumat berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ministr Uralogly howa menzillerinde 7 aýyň dowamynda 130 million ýolagçynyň gatnadylandygyny nygtap, 1,306,484 uçar gatnawynyň amala aşyrylandydygyny aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Star” gazeti “Türk howa giňişligi ynamdar ellerde” söz başyly habarynda, Goranyş senagaty pudagy boýunça Ýerine ýetiriji komitetiň howa ulgamlarynyň utgaşykly işlemegini nazarda tutýan ýerli we milli “Polat gümmez taslamasynyň” iş ýüzüne geçirilmegi hakynda karar kabul edendigini ýazýar. Emeli intellekt bilen utgaşdyrylan Polat gümmez taslamasy ýerli we milli goranyş senagaty firmalary tarapyndan bilelikde iş ýüzüne geçiriler.

“Haber Türk” gazeti “İýul aýynda eksport rekordy” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ömer Boladyň eksportuň şu ýyl kadaly ösýändigini aýdandygy ýazýar. Ministr Bolat ýylyň ahyry üçin göz öňünde tutulan 267 milliard dollarlyk eksport maksadyna ýetijekdigini, iýul aýynda 12 aýlyk eksportuň 261,5 milliard dollara ýetendigini nygtap, onuň rekord dereje bolup durýandygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ysraýyl Gaza urşuna goşant goşan afrikaly we hindistanly bosgunlara ýaşaýyş rugsadyny berýar
Erdogan: "Türkiye global güýç bolmak ugrunda ynamly ädimler bilen öňe barýar" diýdi
Fransiýa Ermenistana Howa Goranyş Ulgamlaryny Berer
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny