“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan: Günbatar Ysraýylyň jenaýat şärigi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Adalat we ösüş partiýasynyň Adam hukuklary okuw-seminarynda eden çykyşynda “Ysraýyl gazalylary diňe bir bomba we gülleler bilen öldürmeýär.
Aç, suwsuz, azyksyz goýup, öldürýär.Günbatar Ysraýylyň jenaýat şärigi. Şol goldawyny gizlemäge-de hajat duýman, aýalary çişýänçä çapak çalyp, aç-açan görkezýärler” diýen sözlerini çap edýär.
“Sabah” gazeti “Erdogan: Haniýa jenaýaty bilen çäkden geçildi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýannamasynda “Hamasyň Syýasy býurosynyň ýolbaşçysy İsmail Haniýanyň şehit edilmegi bilen Gaza meselesinde ýene-de bir hetden aşma boldy” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Watan” gazeti “Güler: Milletimiziň gelejegini goramak üçin gerek bolan güýjümiz we gudratymyz bar” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Ýaşar Güleriň “Sebimizde imperial hyýallara bilen garaýanlara, bu sebiti betpäl maksatnamalaryny iş ýüzüne geçirme giňişligi hökmünde görýänlere garşy ýurdumyzyň we eziz milletimiziň gelejegini goramak üçin gerek bolan güýjümiz hem-de gudratymyz bar” diýen sözlerini çap edýär.
“Star” gazeti “Türk goranyş senagatynyň NATO-daky üstünligi” söz başyly habarynda, halkara arenada uly isleg bildirilýän türk goranyş senagaty we tehnologiýalary NATO-nu aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün etjek taslama üçin Britaniýada, Gollandiýada we Gresiýada 22 ýerde ulgam döretmek boýunça şertnama baglaşandygyny ýazýar.
“Haber Türk” gazeti “Şimşek: Ýyllyk inflýasiýa aşaklaýar” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşegiň ýyllyk inflýasiýanyň iýun aýyna görä 9,8 bal aşaklap, 61,8 göterime düşendigini nygtap; “Gelejek tapgyrda inflýasidaky aşaklama has gowy duýular” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.