Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Fidan Rafah gümrük geçelgesinde duýduryş berdi: Basyşymyzy artdyrmalydyrys" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň, Rafah gümrük geçelgesine guran saparynda beren beýanatynda: "Eger ählimiz bilelikde bu gyrgynçylygy bu ýerde duruzmasak, adamzat hökmünde bu gyrgynçylygyň şärigi bolarys. Şonuň üçin elimizden gelen ähli kömegi bermäge dowam etmelidiris. Ysraýyla garşy ähli basyşlary artdyrmalydyrys" diýip aýdandygyny habar berýär.

Ýeni Şafak gazedi: "Daşary işler ministrligi raýatlara Liwan bilen bagly syýahatçylyk duýduryşyny berdi" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Daşary işler ministrliginiň raýatlara mejbur bolmadyklary saýyn Liwana syýahat etmezlikleri, Liwanda bolan adamlaryň bolsa uçar saparlary dowam edýärkä ýurtdan çykamklary barada duýduryş berendigini mälim edýär.

Star gazedi: "Taryhy alyş-çalyş üçin dünýäden öwgi" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Milli howpsuzlyk gullugynyň geçen hepde amala aşyran taryhy alyş-çalyş operasiýasynyň dünýäde giň seslenme döredendigini beýan edýär.

ABŞ-nyň analitik guramasy Atlantic Council, amala aşyrylan ýesir alyş-çalyş operasiýasynyň Türkiyäniň Günbatar we Russiýa bilen alyp barýan deňagramly syýasatyna garşy tankydy bellikler aýdýan ýurtlar üçin ders häsýetinde bolandygyny aýan edýär.

Sabah gazedi: "Syýahatçylyk merkezinde 2 rekord täzelendi" söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglunyň, Antalýa howa menzilinde 3-nji awgust güni 1217 uçar sapary we 223 müň 217 ýolagça hyzmat berilip, ähli wagtlaryň uçar saparlary we ýolagçy sany boýunça rekorduň goýulandygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Haber Türk gazedi: "Kuzeý Tunçelli rekord täzeläp Olimpiýa oýunlarynda 5-nji oruna mynasyp boldy" söz başyly habarynda, Türkiyäniň milli ýüzüjisi 16 ýaşyndaky Kuzeý Tunçelliniň, Pariž 2024 Olimpiýa oýunlarynda, 1500 metr erkin ýüzmek görnüşinde 5-nji oruna mynasyp bolandygyny we 14.41.22 dereje bilen dünýä ýaşlar kategoriýasynda rekord goýandygyny habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiyäniň daşary işler ministri Liwanyň premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny