Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: "Erdogan: Sebitimizi gan kölüne öwürmek isleýänlere ýol bermeris diýdi" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, düýn Ýokary harby şuranyň agzalary bilen birlikde Prezidentiň Kompleksinde geçirilýän maslahatyň öňüsyrasynda Atatürkiň aramgähine barandygyny we Anytkabiriň ýörite depderine gol çekip: "Sebitimizi gan kölüne öwürmek isleýänlere rugsat bermeris. Öz raýatlarymyz bilen birlikde dostlarymyzyň hem howpsuzlygyny üpjün etmäge dowam ederis" diýıp ýazandygyny habar berýär.

Star gazedi: "Erdogan Baýden bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy" söz başyly habarynda, Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny mälim edýär.

Telefon söhbetdeşliginde Türkiye-ABŞ gatnaşyklary, Gaza meselesi, Türkiyede amala aşyrylan zamun çalşygy, sebitleýin we global meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.Prezident Erdogan amerikaly kärdeşi Baýdene Ysraýylyň premýer ministri Binýamin Netanýahunyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümediň Gazada ýaraşygy we parahatçylygy islemeýändigini her ädimde görkezýändigini, Netanýahunyň geçen hepde ABŞ-nyň Wekiller mejlisindäki çykyşynyň Türkiyede we dünýäde çuňňur lapykeçlik döredendigini, Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýä garşy 31-nji awgustda Eýranda guralan hüjümiň ýaraşyk tagallalaryna agyr zarba salandygyny we Ysraýylyň Gazadaky ody bütin sebite ýaýratmak üçin synanyşýandygyny habar berdi.

Hürriýet gazedi: "Ankarada ABŞ bilen Russiýanyň arasynda zamun çalşygy" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Milli howpsuzlyk gullugynyň Ankara şäherinde 7 aýry ýurduň ýagny ABŞ, Germaniýa, Polşa, Sloweniýa, Norwegiýa, Russiýa we Belarussiýa döwletleriniň tussaghanalarynda tussaglykda bolan jemi 26 adamyň özara alyş-çalşygy öz içine alýan iň uly zamun çalşygy operasiýasynyň geçirilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Haber Türk gazedi: "ABŞ we Russiýa Türkiyä minnetdarlyk bildirdiler" söz başyly habarynda, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň we döwlet sekretary Blinkeniň Türkiyäniň Milli howpsuzlyk gullugynyň gözegçiliginde geçirilen zamun çalşygy operasiýasyndaky roly sebäpli Türkiyä minnetdarlyk bildirendiklerini beýan edýär. Kreml tarapyndan berilen beýanatda hem Milli Howpsuzlyk gullugynyň zamun çalşygy operasiýasyna kömek beren ähli ýurtlara minnetdarlyk bildirildi.

Sabah gazedi: "Türkiyäniň milli woleýbol ýygyndysy Parižde çärýek finala çykdy" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Milli woleýbol ýygyndysynyň Pariž 2024 Olimpiýa oýunlarynyň C toparyndaky 2-nji duşuşygynda Dominikan Respublikasynyň ýygyndysyny 3-1 hasabynda ýeňendigini we çärýek finala çykandygyny aýan edýär.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Gaziantepde ýaşlar bilen duşuşyk geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Netanýahu, Siriýada Baas Ulgamyny Agdaran Toparlara Hemle Atdy