Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: "Erdogan: Ähtiýalanlyk bilen guralan hüjümi berk ýazgarýaryn" söz başyly habarynda, Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň: "Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýä garşy Tähranda ähtiýalanlyk bilen guralan hüjümi berk ýazgarýaryn we näletleýärin" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Prezident Erdogan: "Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýe garşy Tähranda ähtiýalanlyk bilen guralan hüjümi berk ýazgarýaryn we näletleýärin.Bu adamyň janyna kast etmek, Palestina dawasyny, Gazanyň şöhratly garşylygyny we palestinaly doganlarymyzy hakly göreşini puja çykarmak, palestinalylary ruhdan düşermek, olary kabul etdirmäge synanyşmak bilen bagly hyýanatçylykly hereketdir" diýip belledi.

Sabah gazedi: "Abbasyň Türkiyä gurajak saparynyň güni mälim boldy" söz başyly habarynda, Palestinanyň prezidenti hormatly Mahmud Abbasyň 14-15-nji awgustda Türkiyä sapar gurajakdygyny mälim edýär. 14-nji awgustda çarşenbe güni Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen duşuşyk geçirjek Mahmud Abbas, 15-nji awgustda penşenbe güni bolsa Gazy mejlisde çykyş eder.

Star gazedi: "Kurtulmuş Mejlisi adatdan daşary maslahata çagyrdy" söz başyly habarynda, TBMM-niň başlygy Numan Kurtulmuşyň, palestinanyň prezidenti Mahmud Abbasyň mejlisde çykyş etmegi üçin TBMM-ni 15-nji awgust penşenbe güni adatdan daşary ýagdaýda maslahat geçirmäge çagyrandygyny habar berýär.

Ýeni Şafak gazedi: "Galkynyş ýoluna iki aýry ugur" söz başyly habarynda, Pars aýlagy ýurtlaryny Ýewropa bilen birleşdirjek Galkynyş ýolunyň, Gara deňize çenli hem ýetiriljekdigini beýan edýär. Şyrnak welaýatynyň Owaköý diýilýän ýerinden Türkiyä girjek Galkynyş ýoly, Mardin, Diýarbakyr, Bingöl we Erzurum welaýatlarynyň üsti bilen Gara deňize ýetiriler.

Hürriýet gazedi: "Syýahatçy sanynda rekorda ýetildi" söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýyň, şu ýylyň ilkinji 6 aýynda Türkiyä 26 million 137 müň syýahatçynyň gelendigini, bu görkezijiniň bolsa rekord görkezijidigini aýdandygyny aýan edýär.

Ýene degişli makalalar

"Biziň Janymyz Gazaly Çagalaryň Janyndan Süýji Däl”
Mahmud Abbas Şu Gün Ankara Geler
Mahmud Abbas Ertir Ankara Geler
Palestinanyň prezidenti Türkiyä sapar gurar
Palestinada 1 Günlük Milli Ýas Yglan Edildi
“Gaza Gitmek Üçin Taýarlyk Görýäris”