Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti, “Ysraýyl Gitleri geçdi” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, düýn Adalat we ösüş partiýasynyň welaýat başlyklary bilen geçiren maslahatynda eden çykyşynda “Gazada 300 günden bäri uly gyrgynçylyk edilýär. Ysraýyl, palestinaly 40 müň doganymyzy bombaly hüjümleri bilen şehit etdi. Ysraýyl edýän gyrgynçylygy bilen Gitleri geçdi” diýen sözlerine ýer berýär.

“Star” gazeti, “Türkiýe bilen Ermenistanyň arasynda kadalaşma! Wekiller gümrük geçelgesinde duşuşdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň we Ermenistanyn ýörite wekilleri Kylyç bilen Rubinýanyň gümrük geçelgesinde duşuşandygyny ýazýar. Ýörite wekiller Alijan-Margara gümrük geçelgesinde bolan duşuşykda käbir ugurlar boýunça ozal gazanylan ylalaşyklary tassyklady.

“Sabah” gazeti, “Baýraktar: 5 million hojalygy tebigy gaz bilen üpjün eder diýdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinji ýüzýän önümçilik platformasynyň Singapurdan Türkiýä tarap ugrandygyny aýdan Energetika we tebigi serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň “Ýüzýän senagat desgasy bolan bu önümçilik platformasy her gün 5 million hojalyk üçin tebigi gaz öndürer” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti, “ Gadymy Afrodisias şäherinde Zeusa degişli mermer baş tapyldy” söz başyly habarynda Aýdyn welaýatynda ýerleşýän gadymy Afrodisias şäherinde geçirlen gazuw-agtaryş işlerinde Zeusa degişli mermer başyň tapylandygyny mälim edýär.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý sosial mediadan beren habarnamasynda “Birnäçe asyr soň gün yşyna çykarlan mermer baş, grek mifalogiýasynda iň güýçli we esasy taňry bolan Zeusyň güýjüni görkezýär” diýdi.

“Haber Türk” gazeti, “Türkiýe, Pariž 2024 olimpiýa oýunlarynda pnewmatiki sapançada 10 metre atmak boýunça kümüş medal aldy” söz başyly habarynda, Pariž 2024 olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türk türgenleri Ýusuf Dikeç bilen Şewwal Ilaýda Tahran pnewmatiki sapançada 10 metre atmak boýunça final bäsleşiginde Serbiýadan 16-14 hasabynda ýeňilip kümüş medal alandygyny buşlaýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk mertbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny