Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Türkiýe Ysraýyla reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Ysraýylyň Daşary işler ministri Ysrael Katsyň, Prezident R.T.Erdogan hakyndaky sözlerine berk garşylyk görkezilendigini ýazýar.Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “ Genosidiň jogapkäri Gitleriň soňy nähili bolan bolsa, jenaýatçy Netanýahunyň soňy hem edil şeýle bolar.

Nasistler eden genositleriniň jerimesini çeken bolsa, palestinalylary ýok etmäge synanşýanlar hem eden etmişleriniň jerimesini çeker” diýildi.

“Star” gazeti, “Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda PKK ýene-de bir gezek zarba uruldy” söz başyly habarynda, Yragyň demirgazygynda “Penje Gulp” operasiýasy zolagynda ýerleri anyklanylan PKK-ly 3 terrorçy bilen Siriýanyň demirgazygynda “Parahatçylyk çeşmesi” operasiýasy zolagynda ýerleri anyklanylan PKK/ÝPG-li 4 terrorçynyň düýn täsirsiz ýagdaýa getirlendigini mälim edýär.

“Sabah” gazeti, “Togguň 4x4 modeli gelýär” söz başyly habarynda, Senagat we tehnalogiýa ministri Mehmet Fatih Kajyryň, ýakynda Türkiýäniň elektrik togy bilen işleýän ilkinji ýerli ulagy Togguň 4x4 modeliniň öndüriljekdigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

“Hürriýet” gazeti, “Pariž 2024-de ilkinji medal Ýaý atyjylar komandasyndan geldi” söz başyly habarynda, Pariž 2024 Olimpiada oýunlarynyň üçünji gününde Türkiýäniň milli ýygyndy ýaý atyjylar komandasynyň üçünjilik bäsleşiginde Hytaýy ýeňip bürünç medal alandygyny buşlaýar.

“Haber Türk” gazeti, “Woleýbolçy gyzlar olimpiada oýunlaryna üstünlikli başlady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasynyň, Pariž 2024 olimpiada oýunlarynyň G toparyndaky ilkinji bäsleşiginde Gollandiýanyň komandasyny 3-2 ýeňmegi başarandygyny habar berýär. Woleýbolçy gyzlar toparyndaky ikinji bäsleşigini 1-nji awgustda penşenbe güni Türkiýe wagty bilen 10.00-da Dominik Respublikasy bilen geçirer.

Ýene degişli makalalar

2 Terrorçy Howpsuzlyk Güýçlerine Boýun Egdi
PKK/ÝPG-li 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiyäniň Milli howpsuzlyk gullugy Yrakda möhüm operasiýa geçirdi
Milli Goranmak ministri terrora garşy göreş barada beýannama berdi