“Ýeni Şafak” gazeti “MHG-niň Jarnamasy: Siriýa terrordan saplanmaly” söz başyly habarynda, düýn Prezident R.T.Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Milli howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden soň çap edilen jarnamanyň mazmuny hakynda maglumat berýär.
Jarnamada Siriýanyň ekstremist terrordan saplanmagynyň, ilkinji nobatda Siriýanyň bähbitlerini we gelejegini kepillendirjekdigi nygtaldy.Jarnamada; “Terrorizme garşy göreşde güýçlenýan tagallamyzyň sebit ýurtlarynyň içgin hyzmatdaşlygynda bilelikdäki howpsuzlyk meseleleriniň çözülmegine düýpli goşant goşup, goňşularymyz Yragyň we Siriýanyň territorial bitewiligie, özygtyýarlylygyna we abadançylygyna durnukly goltgy berjekdigine üns çekildi” diýilýär.
“Hürriýet” gazeti “Soňky bir hepdede 94 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrliginiň soňky bir hepdede biri terrordan gözlenýänleriň sanawunda gyzyl topara degişli 94 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini beýan edendigini ýazýar. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli jemi täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany bolsa 1,521-e ýetdi.
“Star” gazeti “Selçuk Baýraktar berk reaksiýa görkezdi” söz başyly habarynda, “Baýkar” firmasynyň tehnologiýa bölüminiň ýolbaşçysy Selçuk Baýraktaryň “Gaza gassaby” Netanýahunyň ABŞ-nyň Kongresinde ör turlup, el çarpyşmalar bilen alkyşlanmagyna reaksiýa bildirendigini mälim edýär. Selçuk Baýraktar “Şeýtanlar ýere gonup dini çäre geçirse, şeýle biperwaý bolup bilmezdiler” diýdi.
“Watan” gazeti “Müň ýyl soň tapyldy” söz başyly habarynda, Kars welaýatyndaky Ani harabalyklarynda 8 ýerde geçirilýän gazuw-agtaryş we gorag işlerinde “Diwin gapysy gaýa metjidi” atlandyrylýan zolakda Anadolyda türkler tarapyndan gurlan ilkinji gaýa metjididi çaklanylýan ybadathananyň tapylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.