Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “DKTR-da pozisiýasymy çürt-kesik beýan etdik” söz başyly habarynda, Prezident, Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R.T.Erdoganyň düýn partiýasynyň Mejlisdäki toparynyň maslahatynda eden çykyşyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Erdogan: “Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda ýakylan obalary, öldürilen çagalary, kiprli doganlarymyzyň pajygalaryny hiç haçan ýatdan çykarmarys.Federalizme esalanýan tekliplere bizem, Kipr türklerem indi ynanmaýar.Pozisiýamyzy çürt-kesik beýan etdik” diýdi.

“Sabah” gazeti “Ministr Fidan: PKK Yragyň ähli ýerini rak öýjügi ýaly gurşap alýar” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň düýn merkezi Birleşen Arap Emirliklerinde ýerleşýän “Ský Nýus Arabia” teleýaýlymyna interwýu berendigini ýazýar.

Ministr Fidan Türkiýäniň Yrakda hem syýasy durnuklylygyň hem-de raýatlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin yzgiderli goşant goşýandygyny nygtap; “PKK Yragyň ägli ýerini rak öýjügi ýaly gurşaw alýar.Bu indi biziň meselämiz bolmakdan çykdy we Yragyň milli howpsuzlyk meselesine öwrüldi” diýdi.

“Watan” gazeti “Milli goranmak ministri Güleriň grek ministre jogagy: “Garaşýarys” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Ýaşar Güleriň Gresiýanyň Saglygy goraýyş ministri Andonis Georgiadisiň gatnaşan teleýaýlymlaryndan birinde “F-35-ler bilen gije duýdansyz Ankara geläýäris” diýen sözlerine, “Türkiýä ýylda 60 million syýahatçy gelýär, garaşýarys. Grek ministrine hem syýahatçylyk üçin garaşýarys” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Milli howpsuzlyk guramasy Süleýmaniýede möhüm operasiýa geçirdi” söz başyly habarynda, Milli howpsuzlyk guramasynyň terror guramasy PKK/KJK-niň hamala “Süleýmaniýeden jogapkär ýolbaşçysy” Ömer Fyrat bilen ýanyndaky 2 terrorçyny Yragyň demirgazygyndaky Süleýmaniýe şäherinde täsirsiz ýagdaýa getirendigini mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ministr Şimşek: Daşarky borçlarymyzy azaldýarys” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşegiň Saud Arabystany bilen 5 milliard dollarlyk ammar alymyny bes etmegi hakynda; “Maksatnamamyz bilen artýan daşary serişde gelişi, ters dollarizasiýa we azalan daşarky maliýe üpjünçiligi zerurlygynyň netijesinde ätiýaçlarymyz artdy. Şonuň netijesinde daşarky borçlarymyzy azaldýarys” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Türk mertbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ankarada Saparda Boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny