Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe Ysraýyla UNRWA boýunça reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň Ysraýylyň Palestinaly bosgunlara kömek we abadanlaşdyryş gullugyny (UNRWA) terror guramasy hökmünde häsýetlendirmek ugrundaky synanşygyna reaksiýa bildirendigini ýazýar.

Ministrlikden berilen beýannamada “Gazadaky UNRWA degişli mekdeplere sygynan asuda ilaty nyşana alan we soňky 9 aýda BMG-niň 200-e barabar işgärini öldüren Ysraýylyň UNRWA-ny terror guramasy hökmünde häsýetlendirmegi kabul edilmesizdir” diýilýär.

“Haber Türk” gazeti “Milli tizligi ýokarlandyrylan otly 2025-nji ýylda ulanmaga beriler” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglynyň tizligi 225 kilometre ýetýän we 8 ulagly görnüşde öndüriljek Milli tizligi ýokarlandyrylan otly ulagynyň dizaýn işleriniň tamamlanyp barýandygyny beýan edip; “İlkinji prototipiň montažy 2024-nji ýylyň ahyrynda gutarar we Milli tizligi ýokarlandyrylan otlymyz 2025-nji ýylda ulanmaga beriler” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Gyzylalma synagdan geçdi” söz başyly habarynda, “Baýraktar tehnologiýa” firmasynyň ýolbaşçysy Selçuk Baýraktaryň “Gyzylalmanyň “Hereketlendirijini işletme synagyny” üstünlik bilen tamamlandyklaryny aýdandygyny ýazýar. Türkiýäniň ilkinji uçarmansyz harby uçary bolan “Baýraktar Gyzylalma” radara görünmezlik özbolyşlygy bilen Türkiýäniň güýjüne güýç goşar.

“Star” gazeti “Dünýäniň iň güýçli pasportunyň sanawynda Türkiýe 7 basgançak ýokarlady” söz başyly habarynda, geçen ýyl 52-nji orny eýelän türk pasporty 7 basgançak ýokarlap, dünýäniň iň güýçli 45-nji pasporty boldy.

“Hürriýet” gazeti “Fenerbahçäniň 4 golly ýeňişi” söz başyly habarynda, Fenerbahçäniň UEFA-nyn Çempionlar ligasynyň 2-nji seçip alyş turnirinde Şweýsariýanyň Lugano komandasyny 4-3 hasabypda utup, uly ýeňillige eýe bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metrbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny