Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýeden Yraga elektrik eksporty gaýtadan başlady” söz başyly habarynda, Türkiýeden Yraga elektrik ekesportunyň 3 ýyl soň gaýtadan başlandygyny ýazýar. Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar “Galkynyş ýoly taslamasy bilen sebitimiziň abadançylygyna we parahatçylygyna bilelikde goşant goşjak goňşymyz Yraga elektrik sportuny gaýtadan başlatdyk” diýdi.

“Sabah” gazeti “Türkiýäniň “energetika flotuna” 7-nji gämi goşular” söz başyly habarynda, Türkiýäniň häzirki wagtda 4 burawlaýyjy we 2 seismiki barlag gämisi bilen deňizlerde alyp barýan nebit hem-de tebigy gaz gözleg we burawlaýyş işlerini flotuň hataryna goşjak 7-nji gämisi bilen hasam güýçlendirmegi nazarda tutýandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Gresiýa bilen 2-nji serhet köprüsi” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglynyň İpsala we Kipi gümrük geçelgeleriniň arasyna Merisa derýasynyň üstünde guruljak ikinji serhet geçiş köprüsi bilen Türkiýäniň Salonik-Sofiýa-Berlin ugrundaky gatnaw ýoluny netijeliligini artdyrjakdygyny beýan edip, köprüniň 4 ugurly we uzynlygy 841 metre barabar boljakdygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Uralogly täze rekordy habar berdi” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglynyň “Antalýa howa menzili rekorddan rekorda barýar, 2024-nji ýylyň 20-nji iýulynda 213,161 ýolagçy bilen 2024-nji ýylyň iň ýokary ýolagçy sanyna ýetdik” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Uçarlarda muzdsuz internet üpjünçiligi” söz başyly habarynda, Türk howa ýollarynyň ýylyň ahyryndan başlajak we iki ýylda tamamlanjak taslama arkaly ähli uçarlarda ýolagçylaryna muzdsuz we çäksiz internet üpjünçiligini döretmek üçin TÜRKSAT bilen ylalaşyga gol goýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metrbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny