Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Erdogan Kipriň grek dolanşygyna we Gresiýa “harby bazalar” boýunça ýüzlenme berdi” söz başyly habarynda, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna guran saparyndan gaýdyşyn uçarda žurnalistleriň soraglaryna jogap beren Prezident R.T.Erdoganyň, “Günorta Kiprde deňiz bazasynyň gurulmagy” bilen bagly habarlar hakynda beýannama berendigini ýazýar.

Prezident Erdogan; “Olar harby baza gurýar, biz syýasy baza gurýarys. Ýagny Türkiýe gerek bolan halatynda degişli çäreleri görer, edilmeli başlangyçlary eder” diýdi.

“Watan” gazeti “Türksat 6A” antenalaryny açdy we synag tapgyryna başlady” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglynyň 50 gradus gündogar orbitasyna ornaşan “Türksat 6A-nyň” ilkinji gezek antenalaryny açandygyny we synag tapgyryna başlandygyny aýdandygyny mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Stambul howa menzili Ýewropanyň iň bir gelim-gidimli howa menzili boldy” söz başyly habarynda, Ýeworpanyň Howa gatnaw howpsuzlygy guramasynyň 8-14-nji iýul aralygynda “Ýewropanyň awiasiýa habarnamasyny” çap edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetriýär. Habarnama görä Stambul howa menzili 8-14-nji iýul aralygynda günde ortaça 1491 uçuş bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili boldy.

“Hürriýet” gazeti “Türk çaýy ýylyň birinji ýarymynda 112 ýurtda alyjy tapdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň esasy oba hojalyk önümlernden biri bolan çaýyň, ýylyň 6 aýynda Ýewropa materiginiň başda durmagynda 112 ýurda satylandygyny ýazýar. Ýanwar-iýun aýlarynyň aralygynda 2,898 tonna barabar bolan eksportdan 13,9 million dollar girdeji alyndy. Belgiýa, Britaniýa we ABŞ esasy alyjy ýurtlar boldy.

“Haber Türk” gazeti “19 taryhy eser Türkiýä gaýtarylyp berildi” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň şu ýyl Britaniýadan, İtaliýadan we ABŞ-dan yzyna alynan 19 taryhy eseriň Türkiýäniň medeni gaznasyna goşulandygyny beýan edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny