Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Prezident Erdogan Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy" söz başyly habarynda, Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, ABŞ-nyň 45-nji prezidenti we prezident saýlawyna dalaşgär bolan Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny habar berýär.

Telefon söhbetdeşliginde Trampa garşy guralan hüjüm we ondan soň başdan geçirilen wakalar ara alynyp maslahatlaşyldy.Erdogan janyna kast edilmek synanyşygyny demokratiýa guralan hüjüm hökmünde häsýetlendirdi.

Star gazedi: "Putine we Zelenskä täsir ýetirip biljek ýeke täk lider Erdogan" söz başyly habarynda, Irlandiýanyň mejlisiniň başlygy Şon OFergheýliň Ukraianda parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin prezident Erdoganyň roluna ünsleri çekendigini mälim edýär. Şon OFergheýl: "Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine we Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskä täsir ýetirip biljek ýeke täk lider Erdogan" diýip nygtady.

Haber Türk gazedi: "Türkiye Ysraýyla reaksiýa bildirdi" söz başyly habarynda, Türkiyäniň daşary işler ministrliginiň Palestina döwletiniň esaslandyrylmagyny ret etmek barada karar kabul eden Ysraýylyň Parlamenti Knessetiň hereketini ýazgarandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ministrlik Ysraýylyň halkara hukugyň düzgünini bozandygyny beýan etdi.

Sabah gazedi: "Greklerden howply oýun" söz başyly habarynda, 1960-njy ýyllardan 1974-nji ýyldaky "20-nji iýul Parahatçylyk hereketine" çenli her dürli zuluma sezewar galan Kiprdäki türkleri, şol döwür edil Ysraýylyň palestinalylara edişi ýaly adanyň 3 göterimlik bölegine gabandygyny aýan edýär.

DKTR-nyň Ankara şäherindäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ismet Korukogly: "20-nji iýul Parahatçylyk hereketi bolmasady, adada Kiprli türkler galmazdy.Gazadaky ýaly zulumlara sezewar edilerdi" diýip belledi.

Watan gazedi: "Stambul howa menzili dünýäniň iň gowusy" söz başyly habarynda, Halkara syýahat we lifestyle žurnaly Travel and Leisure žurnalynyň, okyjylaryň berýän ballary bilen taýarlanan "Dünýäniň iň gowy 10 howa halkara howa menzili" sanawynda, Stambul howa menziliniň ähli bäsdeşlerinden geçip, 1-nji oruna mynasyp bolandygyny habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny