Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Deutsche Bank Türkiyäniň ykdysadyýeti barada öwgüli sözler aýtdy" söz başyly habarynda, Deutsche Bankyň Ýakyn Gündogar we Gündogar Ýewropa derňew müdüri Gans-Kristian Wietoskanyň Türkiyäniň geçen ýyldan başlap makro ykdysady syýasatlarynda üýtgeşme durmuşa geçirip başlap, örän gowy ädim edendigini aýdandygyny habar berýär. Wietoska soňky aýlarda Türkiyä bolan garaýşyň diýseň oňyn bolandygyny aýtdy.

Watan gazedi: "Türkiye global näbellilikleriň hötdesinden gelýär" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyryň, dünýäniň dartgynlyklar, krizisler we çaknyşyklar sebäpli dörän kyn öwrümden geçýändigini aýdandygyny mälim edýär.

Mehmet Fatih Kajyr: "Türkiye hökmünde soňky 22 ýyl bäri eýe bolan güýçli syýasy durnuklylyk, ýola goýan bäsdeşlige ukyply önümçilik infrastrukturasy bilen global ulgamda başdan geçirilen näbelliliklerden üstünlik bilen hötdesinden gelýäris" diýip beýan etdi.

Ýeni Şafak gazedi: "Merkezi Bankyň ätiýajy artmaga dowam edýär" söz başyly habarynda, Türkiye Respublikasynyň Merkezi bankynyň ätiýajyndaky gowulaşma tapgyrynyň dowam edýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Merkezi Bankyň jemi daşary ýurt walýuta ätiýajy 12-nji iýulda tamamlanan hepdede takmynan 5,5 milliard dollar artyş bilen täze taryhy rekord bolan 153,8 milliard dollara ýetdi.

Sabah gazedi: "Işewür dünýäsi Moody's”-dan reýtingiň ýokarlanmagyna garaşýar" söz başyly habarynda, Halkara Kredit derejelendiriş guramasy Moody's anna güni Türkiye üçin kredit reýtingi bilen bagly karary aýan etjekdigini habar berýär. Işewür dünýäsiniň wekilleri guramadan güýçli bal artyşyna garaşýar. Gurama ýanwar aýynda Türkiyäniň kredit reýtingini ýanwar aýynda “durnuklydan” "položitele" ýokarlandyrypdy.

Star gazedi: "Niger üçin alternatiw hyzmatdaş Türkiye" söz başyly habarynda, ABŞ-nyň we Fransiýanyň esgerleriniň çekilmäge mejbur galan Nigerde alternatiw hyzmatdaş hökmünde Türkiyäniň öň hatara çykýandygyny mälim edýär. Türkiyeden 3 ministr Nigere ýokary derejeli sapar amala aşyrdy. Türkiyäniň sebitdäki oňyn abraýyndan gözbaş alýan özüne çekijiligi Niger bilen hyzmatdaşlygy has hem artdyrmak mümkinçiligini özünde jemleýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk mertbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny