Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: "Perzident Erdogan: Gyrgynçylyk dowam etdigi saýyn Ysraýyl bilen bagly çemeleşmämizi üýtgetmeris" söz başyly habarynda, Düýn geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýanat beren prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Türkiye hökmünde häzirki Ysraýylyň hökümedini ot açmazlyk ylalaşygyna mejbur etmek üçin ähli ädimleri edýäris.

Gazada ot açmazlyk ýola goýulýança çenli NATO-nyň Ysraýylyň tarapyny tutup edýän ädimlerine asla goldaw bermeris.Ysraýylyň Gazada we Palestinanyň beýleki topraklaryndaky gyrgynçylygyny, basyp alyşlyklaryny we genosid syýasatyny dowam etdirdigi saýyn, biz hem bu ýurt bilen baglanşykly çemeleşmämizi üýtgetmeris" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Hürriýet gazedi: "Ministr Güler: Siriýada terrory ýok etjek ädimleri goldaýarys" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Milli goranmak ministri Ýaşar Güler: "Terrora garşy göreşde operasiýalarymyz arakesmesiz ýagdaýda dowam edýär. Terror guramasy bu operasiýalaryň netijesinde hereket edip bilmejek ýagdaýa geldi. Siriýada terrory ýok etjek ädimleri goldaýarys" diýendigini habar berýär.

Ýeni Şafak gazedi: "PKK-a 2 aýry sebitde agyr zarba: 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" söz başyly habarynda, Düýn Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat Galkany operasiýasy sebitinde anyklanan PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçy bilen Yragyň demirgazygyndaky Hakurk sebitinde anyklanan PKK-a agza 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini beýan edýär.

Sabah gazedi: "Ysraýylyň Han Ýunus şäherine guran hüjümine reaksiýa: Netanýahu we topary kazyýetiň öňüne çykar" söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çeligiň: "Ysraýylyň Gazanyň günortasyndaky Han Ýunus şäherinde asuda ilatdan müňlerçe adamyň sygynan sebiti bombalamagyny ýazgarýarys. Netanýahu we topary genosid we harby jenaýatlar sebäpli iru-giç kazyýetiň öňüne çykar" diýendigini mälim edýär.

Haber Türk gazedi: "Halkara Pul gaznasy Türkiyäniň ösüş çaklamasyny täzeledi" söz başyly habarynda, Halkara Pul gaznasynyň global ykdysady ösüş çaklamasyny şu ýyl üçin 3,2 göterim hökmünde goran bolsa, Türkiyäniň ykdysadyýeti bilen bagly tçaklamalaryny 3,1 göterimden 3,6 göterime çenli täzeländigini habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýene-de 16 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrorçy Zilan Azak Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Yragyň demirgazygyndan gaçan PKK-a agza 1 terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi