Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Prezident Erdogan: Milletiň gahrymançylykly göreşini uly buýsanç bilen hatyralaýarys” söz başyly habarynda, 15-nji iýul Demokratiýa we milli jebislik gününe bagyşlanan çäreleriň çäginde düýn Stambulda 15-nji iýul Şehitligine baryp gören Prezident R. T. Erdogan “Milletimiň elleri bilen tanklara we ölüm saçan ýaraglara garşy gahrymançylykly göreşini uly buýsanç bilen hatyralaýarys” diýendigini ýazýar.

Prezident Erdogan “15-nji iýuly “teatr oýuny” hökmünde görkezenleriň asla günäsi geçilmez” diýdi.

“Star” gazeti, “Kurtulmuş: Halkymyz demokratiýa eýe çykdy” söz başyly habarynda, düýn 15-nji iýula bagyşlanyp geçirlen çärede çykyş eden TBMM-niň başlygy Numan Kurtulmuşyň “ Demokratiýany ortadan aýyranlar hak we azatlyklaryň başda durmagynda ýurduň ähli tebigi çeşmelerini ele geçirmek isleýärler. Halkymyz demokratiýa eýe çykdy. Demokratiýanyň ösmegi üçin göreşmäge dowam ederis” diýen sözlerine ýer berýär.

“Sabah” gazeti, “Türksat 6A-nyň emeli hemra ýolagçylygy göz öňünde tutulşy ýaly dowam edýär” söz başyly habarynda, Ulaglar we infstruktura ministri Abdulkadir Uraloglunyň, Türkiýäniň ilkinji ýerli we milli aragatnaşyk hemrasy Türksat 6A-nyň emeli hemra ýolagçylygynyň meýilleşdirilşi ýaly dowam edýändigine ünsi çekýär.

“Watan” gazeti, “Rize welaýatynyň çäklerinde burawlaryş işlerine başlamagy maksat edinýäris söz başyly habarynda, Energetika we tebigi serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň “Gara deňizde täze açyşlar ederis. Rize welaýatynyň çäklerinde gözleg we burawlaýyş işlerini geçirmegi maksat edinýäris”diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti, “Türkiýäniň Ruminiýa edýän eksporty artdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ruminiýa eden eksportynyň üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda 4 milliard dollara golaýlandygyny ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk mertbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny