Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti, “Erdogan: Ysraýylyň çaknyşyklary ýaýbaňlandyrma synanşygyndan el çekilmeli” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň. ABŞ-da geçirlen NATO-nyň liderler sammitinden soň beýannama berendigini ýazýar. Erdogan, “Ysraýylyň wehimlerinden we çaknyşyklary ýaýbaňlandyrmak synanşygyndan el çekilmeli. Şeýle bolman halatynda sebitimizde has uly çaknyşyklar ýüze çykyp biler” diýdi.

“Watan” gazeti, “Erdoganyň NATO sammitindäki Russiýa duýduryşy” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň, Russiýa-Ukraina söweşine ünsi çekip, “NATO bilen Russiýanyň arasynda söweşiň ýüze çykmak ähtimallygy diýseň aladalandyryjy. Söweşe sebäp bolup biljek ähli hereketlerden çetde durulmaly”diýendigini belleýär.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Erdogan: Srebrenisany ýatdan çykarmarys” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň, Srebrenisa genosidinyň adamzat taryhyna gara tegmil hökmünde geçendigini nygtap, “Şuňa meňzeş gyrgynçylygyň dünýäde indi gaýtalanmazlygy üçin Srebrenisadaky gyrgynçylygy ýatdan çykarmarys we çykartmarys” diýendigine ünsi çekýär.

“Sabah” gazeti, “Erdogandan Amerikan metbugatyna anyk ýüzlenme” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden Newsweege beýannama beren Prezident Erdogan, “Sebitimizde terror döwletini gurmagy arzuw edýänleriň arzuw-hyýallary puja çykar. Siriýanyň dolulygyna terrordan saplanan we Siriýalylar tarapyndan dolandyrylýan abadan döwlet bolmagyny arzuw edýäris” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti, “PKK özüne garaşýan netijeden halas bolup bilmez” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministrliginiň, Yragyň demirgazygynda “Penje Gulp” operasiýasyynyň üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigini nygtap, güýçden gaçýandygyna we soňky pursatlaryny başdan geçirýändigine göz ýetiren terror guramasy PKK ýalňyş maglumatlar ýaýratmaga başlady. Emma özüne garaşýan agyr netijeden asla halas bolup bilmez”diýip beýanna berendigini nygtaýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Eder”
Germaniýanyň Federal Kansleri Türkiyä gurajak sapary barada beýanat berdi
Prezident Erdogan NBC News kanalyna beýanat berdi
“Finlýandiýanyň Türkiýäniň ÝB-ne Agzalyk Etabyna Güýçli Goldaw Bermegine Garaşýarys”