Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan parahatçylyk üçin has uly tagalla etmäge çagyrdy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň NATO-nuň 75 ýyllygyna bagyşlanan çareler üçin Waşingtona guraýan saparynda halkara jemgyýetçiligini parahatçylyk üçin edýän tagallalaryny hasam ýaýbaňlandyrmaga çagyrandygyny ýazýar. ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçysy Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen duşuşandan soň beýanat beren Erdogan, Türkiýäniň Ukraina-Russiýa urşy we Ysraýylyň Gaza hüjümleriniň bes edilmegi üçin parahatçylykly tagallalaryna ünsi çekdi.

“Star” gazeti “Eredogan ABŞ-da diplomatik duşuşyklar geçirdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyn NATO-nyň Döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň Sammiti mynasybetli ABŞ-nyň paýtagty Waşingtona guraýan saparynda Gresiýanyň Premýer-ministri Kiriakos Mikotakis, Italiýanyň Premýer-ministri Giorgia Meloni we Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Orbanyň Erdogan hakyndaky öwgüli sözleri” söz başyly habarynda, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň Ukrainada urşuň aşlamagyndan bäri Türkiýäniň parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin üýtgewsiz pozisiýa eýeländigini subut edendigini nygtap, Prezident Erdoganyň Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda Gara deňizde galla ylalaşygyny ýola goýmagyň hötdesinden gelen ýeke-täk üstünlikli döwlet adamsydygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “NATO-nuň Sammitinde Türkiýäniň gazanan üstünlikleri” söz başyly habarynda, NATO-nuň Waşingtonda geçirilen Sammitiniň jemleýji jarnamasynyň çap edilendigini ýazýar.Türkiýäniň ileri tutýan esasy ugurlary jarnamada beýan edildi. 2026-njy ýyldaky sammit Türkiýede geçiriler.

NATO-nuň terrorizme garşy göreşe goşan goşantlary we eýe bolan strategiýasy hakyndaky resminama degişli üýtgetme girizildi. Şeýle hem Türkiýäniň ileri tutýan ugurlaryndan biri bolan ýaranlaryň birek-birege sanksiýa goýmaly däldigi hakynda Wilnýusda kabul edilen karar ýene-de bir gezek nygtaldy.

“Sabah” gazeti “Türkiýe tehnologiýa eksport edýän ýurt boldy” söz başyly habarynda, Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmazyň Türkiýäniň ozal, tehnologiýa bazary bolan bolsa, tehnologiýa eksport edýän ýurda öwrülendigini nygtap; “Bu jähtden goranyş senagaty iňňän möhüm” diýen sözlerini çap edýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatyna gatnaşmak üçin Gazagystana gider
ABŞ Türkiye Bilen Gepleşiklere Sabyrsyzlyk Bilen Garaşýar