Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriyet” gazeti “Erdogan: Biz NATO-da birinji bäşlige degişli” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň NATO-nuň Sammitine gatnaşmak üçin ABŞ-na gitmezinden ozal beren beyannamasynda; “Türkiye NATO-nuň missiyalaryna we operasiyalaryna goşant goşyan ilkinji bäş yarandan biri.

Biz öz üstümize düşyän borçlary artykmajy bilen yerine yetiryäris.Gury yerde, deňizde we howada döreden şertlerimiz hem-de ukyplarymyz bilen NATO-nuň oňurgasyny emele getiryän yurtlaryň başynda duryarys” diydi.

“Watan” gazeti “Erdogan: Gazada palestin halkyna edilyän gyrgynçylyklary gün-tertibine getireris” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň NATO-nuň Sammitinde umumy gymmatlyklarymyzyň içginlik bilen synagdan geçyän yerlerinden biri bolan Gazada palestin halkyna edilyän gyrgynçylyklaryň gün-tertibine getiriljekdigini aydandygyny yazyar.

“Yeni Şafak” gazeti “Türksat 6A-da işler kadaly” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiyalar ministri Mehmet Fatih Kajyryň Türkiyäniň ilkinji milli aragatnaşyk hemrasy “Türksat 6A-nyň” atylmagyndan soň işleriň kadalydygyny aydandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna yetiryär.

“Star” gazeti “Türk alymlary KKGG sanjymynda ilkinjileriň hataryna goşuldy” söz başyly habarynda, Kayseri welayatyndaky Erjiyes uniwersitetiniň Sanjym öndüriş merkezinde öndürilen Krym-Kongo gemorragiki gyzdyrma hassalygy bilen bagly sanjymda, dünyäde ilkinji gezek FAZ-1 tapgyryny geçip, FAZ-2 tapgyry boyunça işleriň alynyp baryulyandygyny mälim edyär. FAZ-2 boyunça işlerde sanjym meyletinlerde synagdan geçiriler.

“Sabah” gazeti “Hytayyň ulag ägirdi Türkiyäni saylady” söz başyly habarynda, Hytayyň awtoulag öndürijisi “BYD-niň” Türkiyede maya goymak üçin gol goyandygyny yazyar. Firma 1 milliarda barabar maya goyum bilen 150 müň ulag öndürmäge ukyply desga gurar. 5 müň adama iş üpjünçiligini döretjek firmanyň Türkiyäni saylap almagy daşary yurt metbugatynda giň seslenme döretdi.

Ýene degişli makalalar

Orsýetiň Ukrainada urşy başlamagyna 3 ýyl boldy. Türkmenistanlylar näme pikirde?
Türkmen diplomatlary Bitaraplyk syýasatyny üzňeligiň däl, açyk dialogyň guraly hökmünde wagyz edýär
“Demirgazyk Koreýaly Esgerler Kursk Sebitine Ornaşdyryldy”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
NATO Ankarada Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy
Ýaşar Güler amerikaly we ukrainaly kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi