Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Merihe berilen jeza syýasy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň UEFA-nyň EURO 2024-iň soňky 16-lyk turnirinde Awstriýa bilen oýnalan bäsleşikde taryhy we medeni simwollardan biri bolan böri belgisini keşplendiren milli futbolçy Merih Demirala beren jezasynyň dolulygyna syýasydygyny aýdandygyny ýazýar. Erdogan onuň aslyna garalanda Türkiýä berilen jezadygyny beýan etdi.

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Ysraýyl çaknyşyklary sebite tutaşdyrmakdan el çekmeli” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ysraýylyň çaknyşyklary sebite tutaşdyrmak, özüni rahatlandyrmak üçin Liwana hemle atmagyna reaksiýa bildirendigini ýazýar. Erdogan; “Ysraýyl çaknyşyklary sebite tutaşdyrma niýetinden, ABŞ-nyň başda durmagynda günbatar ýurtlary hem Ysraýyla berýän goldawyndan el çekmeli” diýdi.

“Star” gazeti “Erdogan: Esada her pursatda çakylyk ugradyp bileris” söz başyly habarynda, Siriýa bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagy hakynda beýanat beren Prezident Erdoganyň “Başar Asad Türkiýe bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak ugrunda başlangyç eden pursadynda biz hem oňa bolan çemeleşmämizi görkezeris. Biz çakylygymyzy ugradarys. Ol islendik pusatda bolup biler” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Antalýa howa menzilinde täze rekord” söz başyly habarynda, Antalýa howa menzilinde täze rekorduň goýulandygyny mälim edýär. 6-nji iýul şenbe güni halkara uçuşlarda 1054, içerki uçuşlarda 125 jemi 1179 uçar gatnaşygyny amala aşyran Antalýa howa menziliniň ýylyň rekorduny goýandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Global dartgynlyklar Orta koridoryň strategik ähmiýetini artdyrdy” söz başyly habarynda, global dartgynlyklaryň artmagy netijesinde Orta koridoryň ähmiýetiniň günsaýyn artýandygyna ünsleri çekýär. Şol koridoryň merkezinde bolsa Türkiýe durýar. Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Ömer Kojaman Ýewropany, Türkiýäni, Günorta Kawkazy, Orta Aziýany we Hytaýy birikdirýän Orta koridoryuň global bökdençlikleriň öňünde möhüm ugurlardan birine öwrülendigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan hristian raýatlary Isa pygamberiň doglan güni bilen gutlady
Erdogan we Blinken Siriýadaky syýasy geçiş tapgyry hem-de Gazadaky genosid hakynda pikir alyşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny