Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Ysraýyla ylalaşyk üçin gysyş güýçlendirilmeli” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Gazagystanda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň giňeldilen mejlisinde eden çykyşynda; “Gazada 16 müňden gowrak bigünä çaganyň aşagynda jan beren harabalyklary, aslyna garalanda kanunylygyny ýitiren halkara ulgamyň harabalygydyr. Ysraýyl togtadylmaly, hüjümleriň durnukly bes edilmegi üçin gysyş edilmeli” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Putin Stambul ylalaşygyna ünsleri çekdi” söz başyly habarynda, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň ýurdy bilen Ukrainanyň arasynda 2022-nji ýylda Stambulda gepleşikleriň geçirilendigini ýatladyp; “Stambulda ylalaşyklaryň taýýarlanyş tapgyrynda töwellaçylyk bolan Prezident Erdogana sagbolsun aýdýaryn. Şol ylalaşyklar henizem stoluň üstünde we gepleşikleriň dowam etdirilmegi üçin başlangyç bolup biler” diýendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Erdogan Germaniýa milli ýygyndy komandany goldamaga gidýär” söz başyly habarynda, türk milli ýygyndy futbol komandasynyň 2024 Ýewropa çempionadynyň soňky 16 turnirinde Awstriýany 2-1 utan bäsleşiginde milli futbolçy Merih Demiralyň şatlykly buýsanjy sebäpli UEFA-nyň derňew işini başlatmak hakynda karar kabul edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Prezident R.T.Erdogan 6-njy iýulda Gollandiýa bilen oýnaljak bäsleşikde türk ýygyndysyny goldamak üçin Germaniýa gider.

“Haber Türk” gazeti “1 hepdede 57 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Yragyň we Siriýanyň demirgazygyndaky operasiýalarda 57 sanysy soňky bir hepdede, ýylyň başyndan bäri 1327 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Derman senagatynda ýerli önümçiligiň paýy artýar” söz başyly habarynda, Türkiýede bar bolan önümçilik desgalarynyň sany geçen 109-a ýeten bolsa, mukdar taýdan ýerli dermanlaryň paýynyň soňky 8 ýylda 1,533 göterim artandygyny ýazýar. Pudak geçen ýylda 185 ýurda 2,2 milliard dollarlyk eksport etdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny