Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan Astanada Putin bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Şanhaý hyzmnatdaşlyk guramasynyň döwlet ýolbaşçylarynyň 24-nji Sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana guraýan saparynyň çäginde paýtagt Astanada Russiýanyň Preizdenti Wladimir Putin bilen duşuşandygyny ýazýar.

Putini gysga wagtda Türkiýede myhman almak isleýändigini beýan eden Erdogan; “Atom energiýa beketleri boýunça uly başlangyçlar ederis. İlkinji maksadymyz Akkuýu bekedini ulanmaga bermek” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Terroristan gurdurmarys” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Putin bilen geçiren duşuşygynda Türkiýäniň serhetleriniň düýbünde terroristan gurdurmajakdygyny beýan edendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Daşary işler ministrligi: UEFA-nyň derňew işi kabul edilmesiz” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň EURO 2024 Türkiýe-Awstriýa bäsleşiginde geçiren golundan soň “Mojek” belgisi bilen şatlanan milli futbolçy Merih Demirala UEFA tarapyndan derňew işiniň gozgalmagynyň kabul edilmesizdigini mälim edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Beýannamada; “Sport bäsleşigindäki şatlykly pursatda taryhy we medeni simwollardan biriniň, hiç kime garşy bolmadyk häsýetde ulanylmagy bilen bagly syýasy maksatly reaksiýalary ýazgarýarys” diýilýär.

“Star” gazeti “Uralogly: Uçuş torumyz 131 ýurtda 346 nokada ýetdi” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglynyň “Halkara gatnawlarda 50 ýurtda 60 nokada uçuş edýän bolsak, uçuş torumyza 286 nokady goşup, 131 ýurtda 346 nokada ýetirdik” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Soňky 32 aýyň iň pes import görkezijisi” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ömer Boladyň iýun aýynda importyň maý aýyna görä 4,1 göterim aşaklandygyny beýan edendigine ünsleri çekýär. Şeýlelikde iýun aýynda soňky 32 aýyň iň pes import görkezijisi alyndy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metrbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny